Her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped güni bellenilýär. Bu sene Prezident Gurbanguly Berdimuhammedowyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyryldy.

Ýurdumyzda alnyp barylýan sagdyn-durmuş ýörelgeleri bilen bagly bolan syýasat ýyl-ýyldan, hatda, gün-günden hem pajarlap ösýär. Ata Watanymyz dürli ugurlar boýunça uly üstünliklere beslenmek bilen, ähli türkmen halky sport, jemgyýetçilik çäreleri hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen, esasan-da, welosiped sporty bilen meşgullanýar.

“Saglygym – baş baýlygym” diýilýär. Hakykatdan-da, adam öz saglygyny elmydama goramaly, saglyk bolsa ilkinji nobatda arassaçylykdan başlanýar. El-ýüzüňi günde sabynlap ýuwmaly, irki maşklary yzygider ýerine ýetirmeli, dogry iýmitlenmegi başarmaly.

Döwletimizde sagdyn hem-de belent ruhly nesli terbiýeläp ýetişdirmek üçin ähli şertleriň döredilmegi, ilkinji nobatda ynsan saglygyny berkitmegiň iň gowy serişdesi hökmünde aýratyn uly üns berilýär. Adam hemişe kämilleşýär, ösýär. Jemgyýetçilik ýerlerine öz öýüň hökmünde garamak, arassaçylyk düzgünlerini berjaý edip, adam saglygyny, watanyň gözelligini goramak hem kämilligiň we ösüşiň aýdyň nyşanydyr.

Ýurdumyzda geçirilýän giň möçberli welosiped ýaryşlary we çäreleri ýaşlaryň barha köp sanlysyny sportuň welosport görnüşi bilen meşgullanmaga çekýär, bu çäreleriň ägirt uly gerimi bolsa ata Watanymyzyň at-abraýyny artdyryp, ýaşlarymyzda belent derejeli buýsanç duýgusyny döredýär. Häzirki wagtda ähli ýerlerde ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli welosipedçileri görmek bolýar. Oglanjyklardan we gyzjagazlardan başga-da, uly ýaşdaky adamlaryň köpüsi welosiped sürüp, çagalyk duýgularyny ýatlaýarlar, şonuň bilen bir hatarda beden saglygyny hem berkidýärler. Ulagyň bu görnüşinden peýdalanýanlaryň sany gün-günden artýar. Indi peýwagtyna hem welosiped bilen meşgullanýarlar.

Milli Liderimiziň aýtmagyna görä, şeýle çäreler ilatyň saglygynyň berkidilmegine, ekologiýa abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna hem-de welosiped sportunyň wagz edilmegine ýardam edýär.

Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi bilen nesillerimiziň çagalygyndan başlap, uly ýaşyna ýetýänçäler hem sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyna getirýär. Çagalaryň sport bilen meşgullanmagy bolsa olaryň bedeniniň çeýeligine, beden taýdan, ruhy taýdan hem sagdyn bolup ýetişmeklerine aýdyň täsir edýär. Mekdebe çenli edaralarynda, orta mekdeplerde hem bedenterbiýe sapaklary yzygiderli geçirilýär. Çagalaryň gelejekde özüniň haýsy sport bilen meşgullanjakdygyny özleriniň islegleri boýunça saýlap almagyna hem ýardam edilýär. Şeýle-de  haýsy ugurdan hünärmen bolup, öz halap saýlap alan hünärlerinde ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly işler amal edilýär.

Batyr Kuliýew,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby.