Myhmansöýer halkymyz Milli Bahar baýramyny aýratyn ruhubelentlik bilen
belleýär. Täze toýlara, ýagşydan-ýagşy işlere badalga berýär. Gahryman
Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren “Türkmen medeniýeti” atly kitabynda
türkmen halkymyzyň myhmansöýerlik ýörelgeleri barada şeýle diýilýär:
– Myhmansöýüjilik dünýä halklarynyň arasynda türkmeniň mertebesini
barha beýige göterýän kämil ruhy baýlykdyr.
Gadymy «Oguznamalarda» oguz begleri uly toý tutup, daş oguzy, iç oguzy
çagyryp, myhmansöýüjiligiň aňrybaş edebini berjaý edipdir – öýüni
ýagmaladypdyr.
Ynsan ahlagynyň gözelligini wasp eden şirin dilli, suhangöý şahyr
Mahmyt Zamahşarynyň türkmeniň toý döwresini suratlandyrýan:
At çapyşyk gurnaýar ol aýlawda,
Tomaşaly toý gününde-baýramda.
Bu toýy aýdymdyr saz birle beze,
Şatlyk hemmä ýetsin, nur çaýsyn ýüze
– diýen setirleri türkmen halkynyň toý-baýramlaryny uly tutum we şowhun
bilen geçirendigine şaýatlyk edýär.
Türkmen myhmansöýüjiliginiň ýene-de bir mysaly hökmünde Nowruz
baýramynda her bir öýde toý gazanlarynyň atarylýandygydyr. Her bir maşgalada
azyndan ýedi dürli tagam taýýarlamak, olaryň hem esasan däp bolup gelýän milli
naharlar bolmagy, aýratyn hem semeni bişirmek Nowruzyň esasy alamaty
hökmünde garalmagy hem baýramçylygyň halkyň milli yrym-ynançlarda gaty uly
ähmiýetiniň bardygyny görkezýär. Şu ýerde türkmen edebiýatynyň iň bir gadymy
dürdäne eseri hasaplanylýan “Tumar şa” dessany barada ýazgylaryny galdyran grek
taryhçysy Geredot türkmenleriň ata-babalary hasaplanýan massagetleriň Nowruz
günlerinde uly toý tuýandyklaryny, at çapdyryp, göreş atdyryp, täze çatynjalaryň
nika toýlaryna badalga berýändiklerini belläpdir. Bu bolsa nowruzyň we onuň bilen
baglanyşykly däp-dessurlaryň, asylgy ýörelgeleriň taryhy kökleriniň gaty
alyslyklara uzaýandygyndan habar berýär.
XVIII türkmen edebiýatynda hem Nowruz bilen baglanyşykly pikirleri, beýan
etmeleri görmek bolýar. Bu asyryň edebiýatynda görnükli wekil hökümnde tanalýan
Mahmyt Gaýyby “Oldy ýene” gazalynda türkmen ýaýlasyny gülzarlyga, ýaşyl
begrese besleýän Nowruzyň şeýle waspyny edýär:
Çünki nowruz oldy, älem gülgüzar oldy ýene,
Gunçadan güller açyldy, gülgüzar oldy ýene
Nowruzyň halk döredijiligine, milli aýdym-saz sungatyna ýetiren täsiri
hakynda ýene-de belläp geçere zat köp. Ýogsa-da, tebigat, daş-töwerek joşup duran
pursadynda neneň göwni ylhama, süňňi zehine püre-pür halkymyz nowjuwan
baharyň ilki baýramynda joşman durup bilsin. Şu ýerde nowruz ylhamynyň we
bahar heňleriniň saza eserlerine siňendigi dogrusynda Gahryman Arkadagymyz
“Türkmen medeniýeti” kitabynda berilýän maglumatlary getirmegi makul bildik:

– Seljuk soltanlary döwründe uly tutumda bellenilen Nowruz baýramy
mynasybetli «Nowruz sazlary» ýa-da Soltan Sanjaryň zamanasynda
«Sanjary» diýlip atlandyrylan eserleriň bolandygyny bellemelidiris. Şol
sazlaryň nota ýazgylarynyň dünýäniň dürli ýurtlarynyň belli muzeýlerinde
biziň günlerimize çenli saklanyp galandygy diýseň buýsançlydyr.
Taryhyň tarypa mynasyp sahypalarynda ýetmiş iki saz guraly dünýä beren
türkmen sazçylyk medeniýetinde, bagşyçylyk ýollarynda hem nowruz baradaky
aýdymdyr sazlar esasy orny eýeleýär. Bu baýramyň şanly toýunyň bezegine, ruhy
sowgadyna öwrülýär.