Paýtagtymyzyň Maslahatlar merkezinde “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahat geçirildi. Onuň dabaraly umumy mejlisine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanan forum ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen şu ýylyň esasy wakalarynyň biri boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow irden halkara forumyň geçirilýän ýerine geldi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary döwlet Baştutanymyzy mähirli garşyladylar we milli Liderimizi Halkara Bitaraplyk güni hem-de şu baýramçylyk mynasybetli geçirilýän “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatyň öz işine başlamagy bilen gutladylar.

Taryhda 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň BMG tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolandygyny nazara alanyňda, onuň iň täze taryhyň möhüm seneleriniň biridigi gürrüňsizdir. Bu hukuk derejesiniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylmagy ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik syýasatyna belent hormat-sarpa hem-de örän ýokary baha boldy.

Garaşsyz Türkmenistan bildirilýän çäksiz ynama eýe bolup, ähli syýasy-diplomatik we ykdysady mümkinçilikleri doly peýdalanmak bilen, özüniň ägirt uly parahatçylyk döredijilik kuwwatyny doly güýjünde amala aşyrýar.

Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasyny düzýän hemişelik Bitaraplygyň gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi — dünýäniň aýry-aýry ýurtlary hem-de iri halkara we sebit guramalary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etdi, içerki syýasy durnuklylygy şertlendirip, türkmenistanlylaryň aň-düşünjesini kesgitledi. Raýatlarymyz üçin dawa-jenjelsiz ösüş hem-de umumymilli bitewülik parahat we abadan durmuşyň şertlerine öwrüldi.

Türkmenistan hemişelik Bitaraplygyň umumy ykrar edilen hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamakda hem-de berkitmekde, umumadamzat gymmatlyklaryny pugtalandyrmakda halkara bileleşigiň tagallalary bilen doly raýdaşdyr.

Maslahata gatnaşyjylar häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň deňagramly çözgütlerini işläp taýýarlamakda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny utgaşdyrmak işinde ýurdumyzyň eýeleýän işjeň ornuna ýokary baha berip, onuň häzirki zaman dünýäsinde bitaraplyk institutynyň artýan ornuna we ähmiýetine düşünmäge, hususan-da, özüniň amatly geosyýasy we geoykdysady kuwwatyny tutuş adamzadyň durnukly ösüşiniň bähbidine ulanýan Türkmenistanyň tejribesini öwrenmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Dünýä gün tertibiniň esasy meselelerini hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk meýdança öwrülen parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň mowzuklaýyn mejlisleriniň işi tamamlanandan soň, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Onda Jemleýji resminama kabul edildi.

Agaýew Sapar

S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba  hojalyk uniwersitetiniň

Gidromeliorasiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby