Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy ýolbaşçylyk edýän ulgamynda geçirilýän işler, şeýle hem Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy agentligi (EASA) tarapyndan uçuşlaryň howpsuzlygynyň üpjün edilişine geçirilen gözegçilik işleri boýunça taýýarlanan maglumat barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, geçirilen barlaglaryň jemleri boýunça ýurdumyzyň baş «howa derwezesi» — Aşgabadyň Halkara howa menzili Türkmenistanyň ulag ulgamynda ähli babatda nusgalyk toplum diýlip ykrar edildi. Onuň önümçilik kuwwatlyklarynyň uly ätiýaçlyklary bolup, daşalýan ýükleriň möçberini we gatnadylýan ýolagçylaryň sanyny artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasy bolýan IKAO — Halkara raýat awiasiýasy guramasy bilen hyzmatdaşlyk hakynda habar berildi. Onuň hünärmenleri bilen bilelikde howa menzillerini we howa hereketini dolandyrýan ähli düzümler boýunça işler geçirilýär. Awiasiýa howpsuzlygynyň ölçeglerini ulanmagyň öňdebaryjy tejribesi boýunça duşuşyklary geçirmek we maslahatlary bermek, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak işleri yzygiderli dowam etdirilýär. Agentligiň ýolbaşçysynyň habar berşi ýaly, EASA-nyň bilermenleri «Türkmenhowaýollary» tarapyndan ýerine ýetirilýän uçuşlaryň howpsuzlygyny, ýurdumyzyň howa menzilleriniň üpjünçiligini berjaý etmek boýunça ýurdumyzda geçirilýän işlere oňyn baha berdiler.

D.Saburow EASA-nyň bilermenleri tarapyndan geçirilen barlagyň netijeleriniň Aşgabadyň Halkara howa menziliniň awiasiýa howpsuzlygynyň dünýä ölçeglerine kybap gelýändigini tassyklandygyny habar berdi. Munuň özi Türkmenistanyň raýat awiasiýasy babatda beýleki döwletler we halkara guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlygyny giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezowyň hem-de «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy D.Saburowyň ünsüni EASA-nyň bilermenleri tarapyndan uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde degişli awiasiýa gulluklarynyň hem-de Aşgabadyň Halkara howa menziliniň işine geçirilen barlaglaryň oňyn netijelerine çekdi.

Milli Liderimiz bu ýagdaýyň ýurdumyzyň howa ulaglarynyň işiniň ýokary derejesine we hiline şaýatlyk edýändigini, munuň bolsa Ýewropa ugrunda ýolagçylary gatnatmagy ýola goýmaga mümkinçilik berýändigini nygtady. Döwlet Baştutany «Türkmenhowaýollary» agentliginiň hojalyk hasaplaşygynda işleýändigini nazara almak bilen, wise-premýere agentligiň ýolbaşçylary bilen Ýewropa Bileleşiginiň şäherlerine dürli ugurlar boýunça gatnawlary amala aşyrmak meselesini düýpli öwrenmegi tabşyrdy. Bu meselede bazar nyrhlaryndan ugur alynmalydyr. Şoňa görä-de, gatnawlara ediljek çykdajylar we şolardan geljek girdejiler hem nazara alynmalydyr. Munuň howa gatnawlaryny amala aşyrýanlar üçin-de girdejili bolmagy göz öňünde tutulmalydyr.