2019-njy ýylyň 11-14 oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau
şäherinde görnükli gazak ýazyjysy Abiş Kekilbaýewiň 80-ýyllygyna bagyşlanan
“ABIŞ ÄLEMI” atly Halkara teatr festiwaly geçirildi. Bu çärä Ermenistanyň,
Gruziýanyň, Eýranyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Türkiýänyň, Özbegistanyň
we Gazagystanyň teatrlary gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat
edarasynyň saýty habar berýär.
Festiwalda Türkmenistana Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky
Döwlet sazly-drama teatry wekilçilik etdi. Lebaply teatryň görkezen “Daýahatyn”
atly oýny tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Bu oýnuň özeni
Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň
“Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyndan alynandyr.