
Türkmenistan 9 ýaşly Ýaroslaw Hasanow «Ak hasa» atly X Halkara haýyr-
sahawat festiwalynda çykyş etdi. Festiwal Diana Gurskaýanyň «Ýüregiň emri
bilen» atly gaznasy tarapyndan gurnaldy. Festiwal her ýylda 15-nji oktýabrda
bellenilip geçilýän Ak hasanyň — gözi görmeýän adamyň simwolynyň halkara
güni mynasybetli geçirildi. Bu barada Orient agentligi habar berýär.
Döwlet Kremliniň sahnasynda Ýaroslaw russiýaly telealypbaryjy Dmitriý
Guberniýew bilen «Domisolka» çagalar sazçylyk teatry bilen bilelikde «Gün
tegelegi» diýen aýdymy ýerine ýetirdi.
Her ýylda «Ak hasa» festiwalyna diňe bir Russiýadan däl, şeýle hem
Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarusdan, Gruziýadan,
Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Moldowadan, Täjigistandan, Ukrainadan zehinli
çagalar gelýär. Ýylyň-ýylyna gatnaşyjylaryň sany, geografiýasy artýar.
Şu ýyl ýubileý festiwalyna rus estradasynyň ýyldyzlary — Zara, Igor
Nikolaýew, Kristina Orbakaýte, Mark Tişman, Ruslan Alenho we beýlekiler
myhman boldy.
Belläp geçsek, halkara festiwalynyň hereket edýän döwründe onuň
sahnasynda çagalar bilen bilelikde Hose Karreras, Goran Bregowiç, şeýle hem
Iosif Kabzon, Galina Wişnewskaýa ýaly meşhur aýdymçylar çykyş etdi.