TDU talyby:
Gurbanmyrat Saryýew
  • Sensiz günler sapagyndan tänenok,
  • Ahwalyma çynyň bilen äňeňok,
  • Ýanyňda näme bar, ýene näme ýok?!
  • Diýmegiň gerek.

 

  • Yşk ýüregme göýä ot bolup daman,
  • Üýtgedesim gelýär günleri ýaman,
  • Derdimi egniňe alyp bir zaman,
  • Çekmegiň gerek.

 

  • Seýigi ýetmeýär bu ynjyk göwnüň,
  • Ak daňlara umyt-ynamym döwnük,
  • Söýgüden bogazyň dolanda, düwnüp
  • Görmegiň gerek.

 

  • Ykbal bir baglaýar bir kişä ynam,
  • Ýürek duýgularda ejizlär, ynan,
  • Men ýöne bir ýere aglamok, onam
  • Bilmegiň gerek.

 

  • Derdiňe dertdeşdir gözüňden aňan,
  • Aýt haýsy dünýäkä, ikimiz daňan,
  • Göwün bi, käteler ýalanjykdanam,
  • Söýmegiň gerek.

 

  • Men diýseler, oňýansyňam tisginmän,
  • Seret maňa tarap, ýeter seslenme,
  • Gaharyma näler diýsemem: «Gelme!»,
  • Gelmegiň gerek.