Türkmenistanyň Ykdysayýet we maliýe ministrliginiň Intellektual eýeçilik
boýunça Döwlet gullugy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa
institutynyň işgärleriniň oýlap tapyşlarynyň birnäçesine patent berdi. Bu barada
«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
TYA-nyň Himiýa instituty alty ýylyň dowamynda hojalyk-şertnamasy
esasynda «Türkmenhimiýa», «Türkmengaz», «Türkmennebit» Döwlet konsernleri,
«Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasy, senagat we kommunikasiýa, şeýle
hem oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrlikleri, beýleki pudaklaýyn
dolandyryş edaralary we hususy kärhanalar bilen hyzmatdaşlykda köpugurly ylmy
barlaglary alyp barýar.
Netijede wajyp ylmy teklipleri telekeçileşdirmekde tejribe toplandy. Olarda
ýerli çig maly, innowasion çözgütleri ulanmak, dünýä bazarlarynda bäsleşige
ukyply önümleri döretmek arkaly ykdysady taýdan peýdaly tehnologiýalary
önümçilige ornaşdyrmaga üns berilýär.
Goşmaça alynýan önümden— ýokary hilli ýangyç
Türkmenbaşynyň nebti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) A-
95 belgili benzin öndürmekde pirobenzini ulanmak usuly bütewi döwlet sanawyna
girizildi. Bu usuly institutyň himiýa önümçiligi tehnologiýasy bölüminiň işgärleri
zawodyň işgärleri bilen bilelikde işläp taýýarladylar. Şeýlelik bilen, Gyýanlydaky
polimer zawodynda polietilen we polipropilen önümçiliginden alynýan goşmaça
alynýan önüm ýokary hilli awtoulag ýangyjyna öwrülýär.
Önümçilik galyndylaryndan aýakgaplar üçin ýag alynýar
Türkmenabadyň himiýa zawodynda aýakgaplar üçin suw almaýan ýag
öndürmek boýunça tejribe enjamy işe girizildi. Enjam gije-gündiziň dowamynda
bir müň kilogram önüm öndürýär. Kärhananyň hünärmenleri we Himiýa
institutynyň alymlary nebti gaýtadan işleýän zawodyň galyndylaryndan we
Hazardaky zawodda işlenilip çykarylýan gurumdan täze önüm almagyň
tehnologiýasyny işläp taýýarladylar.
«Ekstra» belgili türkmen duzy
Iň ýokary senagat ölçeglerine laýyk gelýän önüm -«Ekstra» nahar duzuny
almagyň tehnologiýasy işlenilip taýýarlanyldy. Has ýokary derejede arassalanan
duz distilirlenen suwda ýuwmak bilen ýörite tehnologik usul arkaly öndürilýär.
Munuň özi duzly suwy gaýry garyndylardan arassalamaga we dolulygyna diýen
ýaly esasy madda – natriý hloridini almaga mümkinçilik berýär. Duzly suwuň has
çuňňur arassalanmagy netijesinde nahar duzundaky gaýry goşundylar başlangyç
çig maldakydan 50-70 esse azalýar.
Ammiagy sorýan mineral
«Maryazot» zawodynda ammiak alnanda metanyň konwersiýasy üçin
ulanylýan suw bugy indi seolitiň kömegi bilen arassalanylýar. Himiýa institutynyň
alymlary suw bugunyň düzümindäki ammiagy sorýan mineral ulanmagy teklip
etdiler. Munuň özi arassalanan bugy önümçilik prosessine gaýtadan bermäge,

netijede energiýa çykdajysyny azaltmaga, şeýle hem onuň daşky gurşawa
zyýanyny has peseltmäge mümkinçilik berer.