2019-njy ýyldan başlap ilat arasynda geçirilýän keseliň öňüni alyş
sanjymlarynyň ozalky tertibine ýene-de üç sany keseliň: pnewmokokka, rotawirus
ýokanjyna, wirusly gepatitiň A görnüşine garşy sanjymlar goşuldy. Şeýlelikde,
häzirki wagtda bu sanjymlaryň düzümine jemi 14 sany ýokanç kesele — wirusly
gepatitiň B görnüşine, inçekesele, polimiýelite, difteriýa, gökbogma, bürmä,
gyzamyga, hapgyrtma, gyzylja, Hib ýokanjyna, adamyň papilloma wirusynyň
döredýän howply täze döremelerine garşy sanjymlar girýär. Sanjymlar döwlet
serişdeleriniň hasabyna geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we
derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna
garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi habar berýär.
Häzirki döwürde birnäçe ýokanç kesellere bir wagtyň özünde garşy durmaga
immuniteti üpjün edip bilýän waksinalar ileri tutulýar. Şeýle waksinalar adamy
agyr görnüşli ýokanç keseller bilen syrkawlamakdan goramaga mümkinçilik
berýär.
Keselleriň garşysyna sanjym işleri ýurdumyzda keselleriň ýaýramagyna garşy
göreşmekde, abadançylygy üpjün etmekde ygtybarly serişde bolup durýar.
Türkmenistanda çagalara we uly adamlara öňüni alyş sanjymlary yzygiderli
geçirmegiň ýokary derejesi (95 — 99 göterim) üpjün edilýär. Immuno öňüni alyş
işleriniň öz wagtynda geçirilmeginiň hem-de olara ilatymyzyň işjeň gatnaşmagy
netijesinde ýokanç keseller bilen kesellemegiň pes derejesine ýetildi.
BAŞ SAHYPA: Здоровье Keseliň öňüni alyş sanjymlarynyň tertibine ýene-de 3 sany kesele garşy sanjym goşuldy
