Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Gylyçmyrat Döwletow

  • Güllere beslenen gözel ýurdumda,
  • Ynsanperwer gatnaşyklar berkeýär.
  • Dünýä ady dolan Lider goýnunda,
  • Ilimiz abadan, halkym bagtyýar.
  • Eşretli zamanyň hözürin görüp,
  • Okaýas, bilimden alyp binýady.
  • Rowaçlyklar içre bagta ýar bolup,
  • Watanymyň ady Dünýä ýaýyldy.
  • Päk arzuwlaň hasyl bolýan mesgeni
  • — Sowulmaz ýazlaryň ülkesi, ýurdum.
  • Synlanyňda diýarymyň keşbini
  •  — Ýada salýar ajap düýşleň ýorgudyn.
  • Bu goja zeminiň juwan ýüregi,
  • Pederleriň namysynyň tugydyr.
  • Şu eziz Watanyň perzendi bolmak
  • — Ýer ýüzünde iň bagtly duýgydyr.