Watan gymmaty

…Mukaddes Watany – kyblaň ataňa, mähriban topragy – Käbäň eneňe meňzedilmegi ýöne ýer däl.Halkymyzyň arasynda ,,Sanasaň sogaby bar” diýlişi ýaly, barmak büküp sanardan juda köp bolan durmuş hakykatyny özünde jemleýän halk rowaýatlary, dessanlar, nakyllar döräpdir.Ol ruhy hazynalar biz – ýaş nesilleriň ertirki günümiziň aýdyň ýoludyr.Biz şol rowaýatlar arkaly Ata Watany, ene topragy näderejede belentde görmelidigine düşünýäris.Şu ýerde men enemden eşiden bir hekaýatymy gürrüň bermekçi: Gadym zamanlarda ýaňy orta ýaşa golaýlan bir söwdägär günleriň birinde uly kerwene goşulyp:,,Hem syýahat, hem zyýarat, hemem söwdamy giňelderin”diýen maksat bilen del ülkelere gidýär. Söwdagäriň goşulan kerweniniň kerwenbaşysy atly-abraýly bolansoň, baran ýerlerinde bulary uly hezzet-hormat bilen garşylaýarlar.Ilkinji gezek ýola çykan söwdagär üçin ähli zat göwnüne ýokary derejede bolan ýaly duýulýar.Ol şol pursadyň özünde maşgalasy bilen bu ýere göçüp gelmegiň, şu ýerde galmagyň hyýalyna berilýär. Maşgalasynyň, perzendiniň närazylygyna bakman, olary bu del ýurda alyp gaýdýar. Günler geçýär, aýlar aýlanýar ýaňky söwdagäriň söwdasy şowlap, şol ýurduň tüçjar baýlarynyň birine öwrülýär.Wagtyň geçmegi bilen söwdagär garraýar we ogluna söwda-satyk işlerini tabşyryp ýarawsyzlyk tapynýar. Oglan atasyny tebiplere seretdirip em etdiripdir.Goja bäri bakyp, ýolugan derdinden saplanybermändir. Günleriň birinde bularyň kerwensaraýyna göçüp gaýdan mekanyndan uly kerwen gelýär.Şonda atasy ogluny öz ýurdundan gelen kerwenlere goşup, ata watanynda ösýän ot çöplerden getirmegi tabşyrýar. Oglan öz ýurdunda bitýän derman ösümliklerden we olaryň tohumlaryndan alyp yzyna dolanmakçy bolanda onuň gözi üýtgeşik, sünnälenip ýasalan hasa düşýär. Oglan hasany öz atasy üçin satyn alýar.Şonda hasany satan satyjy oglana:,,Bu ýöne bir hasa däl. Bu biziň illeriň daglarynda bitýän , özem edil daglar ýaly berk we çydamly, keramatly dagdan agajyndandyr, oglum. Muny söýenen garry özüni edil ýoldaşly ýaly duýýandyr. Dagdan agajy örän berk, gaty uzak ýaşaýan keramatly agaçdyr “ diýip, ýene bir ýola düşindirýär. Birnäçe günden yzyna dolanan oglan atasyna dogduk diýaryndan gelen buýandyr, ýandagyň kökünden çaý demläp beripdir.Öz önüp ösen mekanyndan gelen ot çöpleriň ysyny alan gojanyň ýüregi aram tapyp derdi ýeňläpdir.Ol öz ýurdunda biten dagdan agajyndan ýasalan hasasyna söýenip derman ösümlikleriň tohumlaryny ýaşyl ýaýlalara sepipdir.Zemine ýaz gelip, ýaz ýagşy ýaganda gojanyň ýaşaýan ýaýlasynda öz dogduk mekanyny ýatladyp, derman ösümlikler edil ýüpek ýaly ýakymly şemala ygşyldaşypdyrlar… Köpi gören goja her güýzde derman ösümlikleriň tohumlaryny ýaýlalara sepipdir we ýaz ýagşynyň ýagyp ýeneki ýzlarda zeminiň ýaşyl öwüsmegine edil çagajyk ýaly garaşypdyr.