5 — 6-njy noýabrda Aşgabatda XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasy hem-de «Kitap — hyzmatdaşlyga we ösüşe tarap ýol» atly ylmy maslahaty geçiriler. Foruma taýýarlyk görlüşi barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Foruma neşirýat-çaphana gulluklarynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Sergi-ýarmarkanyň çäklerinde, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýazyjylarynyň we şahyrlarynyň okyjylar bilen döredijilik duşuşyklaryny, «tegelek stoluň» başynda çekişmeleri hem-de beýleki çäreleri guramak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nobatdaky halkara kitap sergi-ýarmarkasyny hem-de «Kitap — hyzmatdaşlyga we ösüşe tarap ýol» atly ylmy maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň wajypdygyny aýtdy. Milli Liderimiz täze taryhy eýýamda milli ruhy mirasymyzy wagyz etmekde, Türkmenistanyň beýleki döwletler bilen medeni gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegi babatda forumyň ähmiýetini nygtap, şunuň bilen baglylykda, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.