Ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Baku şäherinde geçiriljek Goşulyşmazlyk hereketiniň XVIII sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedowyň 25-nji oktýabrda Azerbaýjan Respublikasyna bellenilen iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada habar berdi.

Abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şolaryň hatarynda ählumumy howpsuzlygy hem-de abadançylygy üpjün etmek maksadynda harby-syýasy toparlara gatnaşmazlyk we umumy tagallalary utgaşdyrmak ýörelgelerinde dünýä ýurtlaryny birleşdirýän Goşulyşmazlyk hereketi
hem bar.

Milli Liderimiziň Baku şäherinde geçiriljek sammite gatnaşmagy häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde, milli bähbitleri we ählumumy ösüşiň ugurlaryny nazara almak bilen, halkara hyzmatdaşlygynyň has netijeli görnüşlerini kesgitlemäge sazlaşykly çemeleşmeleri döretmekde Türkmenistanyň başlangyjynyň hem-de işjeň nukdaýnazarynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüler.

Gurbanguly Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk hereketiniň XVIII sammiti barada durup geçmek bilen, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli amala aşyrýan ýurdumyzyň ählumumy abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbidine sebit hem-de dünýä derejesinde netijeli gatnaşyklary ösdürmäge mynasyp goşant goşýandygyny belledi.

Munuň şeýledigine türkmen tarapynyň ählumumy ykrar edilen we halkara bileleşiginiň goldawyna eýe bolan döredijilikli başlangyçlary aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz dünýäniň gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda tagallalary birleşdirmek işinde bu sammitiň ähmiýeti barada aýdyp, Türkmenistanyň halkara giňişliginde alyp barýan işinde Goşulyşmazlyk hereketiniň esasy ýörelgelerine berk eýerýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekip elektron resminama dolanyşyk ulgamy arkaly wise-premýere degişli resminamalary iberdi we bu ugurda degişli tabşyryklary berdi.