24-nji oktýabrda türkmen paýtagtynda IV Wena baly geçirildi. Däbe görä, ol Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň meýdançasynda geçirilýär. Bu ýerde dünýäniň dürli ýurtlarynyň sungat wekilleriniň gatnaşmagynda uly dabaralaryň ençemesi guraldy.
Wena
baly Awstriýanyň paýtagtynyň özboluşly nyşanydyr. Şol ýerde her ýyl 450-den
gowrak bal geçirilýär. Özüniň 200 ýyllyk taryhynyň dowamynda bu saz we wals
baýramçylygy meşhurlygyny saklap galmak bilen çäklenmän, gaýtam, iň wajyp
hem-de ähmiýetli çäreleriň birine öwrüldi. Şondan görelde alnyp, dünýäniň köp
şäherlerinde şeýle çäreler geçirilýär. Şolaryň hatarynda Aşgabat hem bar.
Çykyşlar «Siz Watana belent ykbal, Arkadag!» atly watançylyk aýdymy bilen açyldy.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde
awstriýaly kompozitor we dirižýor Karl Mihael Sireriň «Polonez» sazy ýaňlandy.
Berk berjaý edilýän teswirnama boýunça Wena balynyň resmi taýdan açylyş
dabarasy 25 sany tansçy jübütleriň sahna çykmagy bilen açylýar.
Oňa gatnaşyjylaryň lybaslary — erkek adamlaryň däbe öwrülen gara-ak reňkli fraklary bala geýilýän köýnekler bilen utgaşyp, waka mahsus bolan aýratyn dabaralylyk ýagdaýyny aňladýar, gülleriň ajaýyp çemeni olaryň hökmany bölegi bolup durýar.
Agşamyň dowamynda Döwlet medeniýet merkeziniň meýdançasynda ýygnanan köp sanly tomaşaçylar Iogann Ştrausyň, Weli Muhadowyň, Aman Agajykowyň, Daňatar Hydyrowyň, Daňatar Öwezowyň, Çary Nurymowyň we beýleki kompozitorlaryň ajaýyp sazlaryndan, şeýle hem iň gowy türkmen aýdymçylarynyň we awstriýaly opera aýdymçylarynyň seslerinden lezzet aldylar.
«Ýyldyz» aýdymçylar Andreas Ýankowiç we Neiwi Martines saz baýramçylygynyň şatlygyny türkmenistanlylar bilen paýlaşmak üçin Aşgabada geldiler.
Bala çagyrylan myhmanlaryň hatarynda tansçylar jübüdi — Slowakiýa Respublikasynyň Milli teatryndan Marek Bobosik we Marta Nitranowa hem bar, olar Iogann Ştraus adyndaky Wena aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirijileri bolup durýar.
Şeýle hem dabara Döwlet tans topary hem-de «Serpaý», «Galkynyş», «Laçyn» meşhur toparlary, şol sanda «Ruhubelent çagalar», «Joşgun» çagalar tans toparlary, «Mukam» ýaş skripkaçylar topary we beýlekiler gatnaşdylar. Türkmen artistleriniň joşgunly ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Arkadag» atly aýdym dabarany jemledi.