28-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde şu ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Baku şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň 18-nji Maslahatynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi.
Brifinge daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň Türkmenistanda işleýan wekilhanalarynyň ýolbaçylary we işgärleri, ýurdumyzda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Brifingiň barşynda Türkmenistanyň Daşary işleri ministri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ý.Panowa we BMG-niň Baş Sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkeziniň Başlygy N.German dagylar çykyş etdiler.
Brifingde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň GH-niň Sammitiniň münberinden eden maksatnamalaýyn çykyşynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy.
Ministr adamyň binýatlyk hukuklarynyň, BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlarynyň we ýörelgeleriniň hormatlanylmagyny, ähli halklaryň özbaşdaklygynyň we çäk bitewiliginiň hormatlanylmagyny, özara gyzyklanmalaryň we hyzmatdaşlygyň höweslendirilmegini, adalatlylygyň we halkara borçnamalarynyň hormatlanylmagyny, ähli halkara dawalarynyň BMG-niň Tertipnamasyna laýyklykda parahatçylyk serişdeleri bilen kadalaşdyrylmagy ýaly esaslyk ýörelgeleriň we beýleki birnäçe ugurlaryň garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň esasyny düzendigini aýratyn nygtady.
Geçirilen Sammitiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňe sürlen möhüm başlangyçlaryň biri hem halklaryň we döwletleriň ykdysady berkararlygynyň ykrar edilmegi ugrundaky tagallalar bolup durýandyr. Bu ugurda türkmen tarapynyň Goşulyşmazlyk Hereketiniň we beýleki halkara düzümleriniň çäklerinde degişli köpugurly resminamalarynyň işlenilip düzülmegi we kabul edilmegi bilen bu ugurdaky giň gerimli halkara gepleşikleriniň açylmagyny maksadalaýyk hasaplaýandygy bellenildi.
Baku Forumynda Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşynda energetika howpsuzlygy temasynyň täze öwüşgine eýe bolandygy aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşynda gozgalyp geçilen Goşulyşmazlyk hereketine agza döwletleriň Durnukly ösüş maksatlaryny, şol sanda, olaryň azyk howpsuzlygy ýaly bölegini durmuşa geçirmek boýunça işleri raýdaşlykda alyp barmaklarynyň zerurlygyna hem aýratyn üns berildi. Hut şonuň üçin hem Türkmen döwletiniň baştutany, döwletler we sebitler üçin azyk serişdeleriniň elýeterli bolmagyny üpjün etmek meselelerine garalanda, şeýle hem islendik adamyň aýrylmaz hukugy hökmünde ýeterlikli iýmitlenmegi üpjün edilende goşulyşmaýan ýurtlaryň garaýyşlarynyň agzybir, aýgytly we berk bolmagynyň zerurlygy ugrunda çykyş etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti şeýle hem Goşulyşmazlyk hereketine agza döwletleriň howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça has-da tutanýerli hyzmatdaşlyk etmekleriniň tarapdary bolup çykyş edýär diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, 2030-njy ýyla çenli Ählumumy ösüş gün tertibini we Pariž Ylalaşygyny ýerine ýetirmäge gönükdirilen tagallalarymyzyň birleşdirilmegi has-da möhüm ähmiýete eýe bolýandygy aýratyn bellenilip geçildi.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy şeýle-de brifinge gatnaşyjylara şu ýylyň 21-23-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa bolan iş sapary barada habar berdi. Saparyň çäklerinde türkmen-ýapon işewürlik maslahaty we ýokary derejedäki birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilendigi hem-de duşuşyklaryň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalaryň saldamly bukjasyna gol çekilendigi barada aýdyldy.
Mundan başga-da brifinge gatnaşyjylara Malaýziýanyň Premýer-ministri doktor Mahathir Mohammedyň 2019-njy ýylyň 26-28-nji oktýabry aralygynda Türkmenistana bolan resmi saparynyň jemleri barada hem gysgaça habar berildi.
