Oktýabr aýynyň 24 – 27-si aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý
şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen FIRST GLOBAL atly
Halkara robot tehnologiýalary olimpiýadasynda Aşgabat şäheriniň dil dersleri
çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň zehinli okuwçylary
Ahmet Amanow, Ahmet Akyýew, Abraý Bakyýew we Ysmaýyl Berdiýew dagylar
4 sany altyn medala mynasyp boldular. Okuwçylar toparyna mekdebiň
mugallymlary Berdimyrat Ýazhanow we Atamyrat Şahanow ýolbaşçylyk etdiler.
Atamyrat mugallymyň aýdyşy ýaly, 190 döwletden jemi 1000-e golaý
mekdep okuwçylarynyň gatnaşan halkara robot tehnologiýalary olimpiýadasy bu
ugurda geçirilýän bäsleşikleriň iň ulusy bolup, diýseň ýokary derejeli
guramaçylykly taýýarlygy talap edýär. Çünki bu bäsleşige ähli ýurtlar birnäçe
aýlap taýýarlyk görýär. Başarjaň türkmen ýaşlaryny bolsa dil dersleri çuňlaşdyryp
öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň düzüminde hereket edýän Oguz
Robot gurnagynda taýýarlanylyp, gurnak öz işini Türkmenistanyň Ylymlar
akademiýasynyň Tehnologiýalar Merkezi we türkmen alymlary bilen bilelikde
alyp bardy. Halkara bäsleşigiň geçiriliş aýratynlygy we netijeleri barada bolsa zehinli türkmen okuwçylaryna ýolbaşçylyk eden mugallym Berdimyrat Ýazhanow şeýle belledi: “Olimpiýadada 10 ugur boýunça robotlar ýaryşdyrylyp, robotlaryň berlen işi ýerine ýetirijilik ukyby, innowasion gurluşy, inženerçilik gurluşy, çalasynlygy, dizaýn we topar işjeňligi, robot konstruksiýasynyň beýan edilişi, howpsuzlygy, garşylykly duşuşyklarda iş başarjaňlygy ýaly taraplaryna garap baha berildi. Halkara bäsleşigiň netijelerine görä iň köp altyn medaly eýelän toparlar hökmünde bolsa Türkmenistanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaý Halk
Respublikasynyň, Ysraýyl döwletiniň we Belarus Respublikasynyň okuwçylar
toparyny görkezmek bolar.” Döwür ösýär. Şonuň bilen birlikde onuň talaby hem ösüş ýolunda. Maglumatlar jemgyýetinde bolsa döwrüň talaby hökmünde tehnologiýalary
özleşdirmek öňe çykdy. Şu esasda hem indi ýaş nesilleriň innowasion
tehnologiýalaryň döwrebap usullaryndan – robot tehnologiýasyndan baş çykaryp
bilmegi zerurlyk. Bu babatda türkmen ýaşlary bu gazanan üstünligi hem bu
wezipäniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr.
Bilimi zor mekdep okuwçylarymyzyň halkara üstünligi
