Türkiýäniň Kojaeli şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän
Türkmenistanyň futzal ýygyndysy ýerli ýygyndy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny
geçirdi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň saýtynyň habar bermegine görä,
döreden mümkinçiliklerini ýerlikli peýdalanan Robert Grdowiçiň tälim berýänleri
bu duşuşygy 5:1 hasabynda öz peýdalaryna tamamladylar. Ýygyndy toparymyzyň
düzüminde Serdar Rejepow, Öwezbaý Muhammetmyradow (2) hem-de Mülkaman
Annagulyýew tapawutlanmagy başardylar. Duşuşykdaky ýene-de bir topy türkiýeli
futzalçylar öz derwezelerinden geçirdiler.
1-nji noýabrda Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň milli ýygyndylary
özaralaryndaky ikinji ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirerler.
Ýeri gelende bellesek, Türkiýäniň milli ýygyndysynyň garşysyna geçirilýän
ýoldaşlyk duşuşyklary milli ýygyndymyz üçin 2020-nji ýylda paýtagtymyzda
geçiriljek Aziýa çempionatyna taýýarlyk hökmünde garalýar.
Paýtagtymyzyň Olimpiýa toplumynda geçiriljek futzal boýunça Aziýa
çempionatynyň 2020-nji ýylyň 24-nji fewraly bilen 10-njy marty aralygynda
geçiriljekdigini ýatladýarys.
BAŞ SAHYPA: Новости Türkmenistanyň we Türkiýäniň ýygyndy toparlary futzal boýunça ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi
Türkmenistanyň we Türkiýäniň ýygyndy toparlary futzal boýunça ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi
