1-nji noýabrda Sankt-Peterburgda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmen
alabaýy» kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem-de «Türkmenistan –
Bagtyýarlygyň watany» atly serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada
Türkmenistanyň Daşary işlerm ministrliginiň saýty habar berýär.
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň goldaw
bermeginde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Sankt-Peterburg
bölümi we «Меkan» türkmen medeniýetiniň Sankt-Peterburgdaky jemgyýeti
geçirilen çäräniň guramaçylary bolup çykyş etdiler.
Çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we
Suratkeşler birleşiginiň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
wekillerinden ybarat bolan döredijilik topary Türkmenistandan bardy. Dabaraly
çärelere Leningrad oblast administrasiýasynyň, Sankt-Peterburg şäheriniň
merliginiň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Sankt-Peterburgda akkreditirlenen
diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, ylym, bilim, medeniýet işgärleri, sungat
ussatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, türkmen talyplary
gatnaşdylar.
«Türkmen alabaýy» kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu eseriniň çapdan
çykmagynyň Türkmenistanyň ruhy-medeni durmuşynda ähmiýetli waka
bolandygyny, milli gymmatlygymyzyň wagyz edilmeginiň iň ýokary belentligi
bolandygyny hem-de Prezidentimiziň watandaşlarymyza Türkmen döwletiniň
Garaşsyzlyk gününiň 28 ýyllygy mynasybetli beýik sowgadyna öwrülendigini
nygtadylar.  
Çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen alabaýyna bagyşlanan
täze eseriniň müňýyllyklaryň dowamynda türkmen halkynyň ygrarly dosty bolan
itleriň bu tohumynyň häsiýetini hem-de ähmiýetini takyk açyp görkezýändigi
aýratyn bellenilip geçildi. «Türkmen alabaýy» kitaby diňe bir dünýäde iň gadymy
görnüşleriň biri bolan itleriň bu tohumynyň gelip çykyşy we ösüşi hakynda gürrüň
etmän, eýsem asyrlaryň çuňlugyndan bäri ahalteke bedewi ýa-da türkmen halysy
bilen bir hatarda milli gymmatlyklaryň aýrylmaz bölegi bolan alabaýyň özboluşly
medeni aýratynlygyny hem açyp görkezýändir.
«Russiýa – meniň taryhym» («Россия – моя история») Taryhy seýligähiniň
foýesinde «Türkmenistan – Bagtyýarlygyň watany» atly sergi ýaýbaňlandyryldy,
onda Türkmenistan hakyndaky kitaplar, türkmen suratkeşleriniň eseleri, milli egin-
eşikler, türkmen zergärleriniň elinden sünnälenip çykan zergärçilik şaýlary
görkezilendir. Şeýle hem uly ekranlarda häzirki zaman Türkmenistanyň ýeten
belent sepgitleri baradaky wideofilmler görkezilýändir.