Türkmenistanyň Prezidenti «Kärende hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda döwlet emlägini kärendesine bermegiň tertibini kämilleşdirmek maksady bilen döwlet emläginiň kärendesine berilmeginiň Tertibini tassyklady.
Karara laýyklykda, maliýe we ykdysadyýet ministrligine döwlet emläginiň kärende şertnamalaryny bellenen tertipde bellige almak hem-de Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.
Hökümet mejlisinde bellenilişi ýaly, bu ulgamda gatnaşyklaryň ykdysady, hukuk we guramaçylyk esaslaryny düzgünleşdirmek maksady bilen işlenip taýýarlanylan resminamanyň kabul edilmegi ýurdumyzda kärende hyzmatlar bazaryny has-da giňeltmäge ýardam eder.