19 — 23-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwaly geçiriler. Bu çärä görülýän taýýarlyk barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa hökümet mejlisinde habar berdi.
Habar berlişi ýaly, döredijilik forumyna ABŞ-dan, Eýrandan, Italiýadan, Hindistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Owganystandan, Russiýadan, Täjigistandan, Türkiýeden, Ukrainadan, Özbegistandan we Estoniýadan teatr toparlarynyň, sungatşynaslaryň hem-de sahna işi boýunça hünärmenleriň gatnaşmagyna garaşylýar.
Festiwala gatnaşyjylar öz sahna oýunlaryny görkezerler, şeýle hem onuň çäklerinde sungat sergileri, döredijilik duşuşyklary, maslahatlar we ussatlyk sapaklary geçiriler. Myhmanlar üçin paýtagtymyzyň muzeýlerine we gözel ýerlerine gezelençler guralar.
Döwlet Baştutany ähli meýilleşdirilen festiwal çärelerini mynasyp derejede ýokary guramaçylykly geçirmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.