5-6-njy noýabrda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler
merkezinde «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň
XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasy we onuň çäklerinde ylmy maslahat öz
geçirildi.
Şu ýyl foruma dünýäniň 16 döwletinden metbugat öýleriniň we neşirýat
kärhanalarynyň, işewür hem-de edebi toparlaryň, ylym we bilim
merkezleriniň wekilleri, belli ýazyjylar, alymlar, terjimeçiler, kitaphana işi, IT-
tehnologiýalar boýunça hünärmenler, žurnalistler gatnaşýarlar. Şolaryň
hatarynda Awstriýa, Azerbaýjan, Belarus, Eýran, Gazagystan, Hytaý,
Gyrgyzystan, Koreýa Respublikasy, Moldowa, Pakistan, Polşa, Russiýa,
Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Türkiýe, Ukraina, Fransiýa döwletlerinden
wekiller bar.
Sergi-ýarmarkada iri daşary ýurt okuw mekdepleriniň — Moskwanyň
politehniki uniwersitetiniň, Maşadyň Ferdöwsi uniwersitetiniň, Pekin döwlet
uniwersitetiniň, Kiýewiň Boris Grinçenko adyndaky uniwersitetiniň, Stambul
uniwersitetiniň diwarlyklary ýerleşdirildi.
Türkmenistandan sergä edara-kärhanalaryň 58-siniň, ýokary okuw
mekdepleriň hem-de ylmy institutlaryň, kitaphanalaryň we muzeýleriň,
jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bar. Iri döwlet kärhanalary, şeýle hem
hususy çaphanalar ýurdumyzyň neşirýat senagatynyň mümkinçilikleri bilen
tanyşdyryp, dürli neşir önümleriniň giň toplumyny görkezdiler.
Paýtagtymyzda öz önümlerini Russiýanyň «Epoha», «Gangut», «Absolýut»,
«Monoritm», «Biçik», «LokoTeh-Signal» we «Art-Proýekt» hem-de beýleki
neşirýatlar görkezýärler. Ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän möhüm
wakalary şöhlelendirýän hem-de köp sanly okyjylaryny türkmen halkynyň baý
taryhy-medeni mirasy bilen tanyşdyrýan «Turkmenistan» halkara žurnalynyň
diwarlygy sergä gelenlerde uly gyzyklanma döredýär. 2019-njy ýyly Kitap ýyly
diýip yglan eden Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Kitap
palatalary hem öz diwarlyklaryny ýerleşdirdiler.
Sergä yzygiderli gatnaşyjylaryň hatarynda neşirýat senagaty üçin enjamlary
getirýän Awstriýanyň iri «Heidelberg» kompaniýasy bar.
XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň hem-de ylmy-maslahatyň ýapylyş
dabarasynda sergä gatnaşyjylara, şeýle hem onuň çäklerinde geçirilen «Ýylyň
iň gowy kitaby», «Ýylyň iň gowy okuw kitaby», «Ylmy-köpçülikleýin we çeper
neşirler», «Çagalar kitaplary», «Poligrafiýa taýdan iň gowy çap edilen kitap»,
«Iň gowy neşir bezegi» diýen ugurlar boýunça bäsleşikleriň ýeňijilerine
diplomlar gowşuryldy.
Aşgabatda XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasy geçirildi
