Dünýä çempionaty – 2022-niň saýlama oýnunyň bäşinji tapgyrynyň çäginde
geçiriljek duşuşygy 14-nji noýabrda geçirilip, onda Türkmenistanyň futbol
boýunça milli ýygyndy topary KHDR-iň ýygyndy toparyny kabul eder. 19-njy
noýabrda bolsa Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy topary altynjy
tapgyryň çäginde Şri-Lankanyň milli ýygyndy toparyny kabul eder. Bu barada
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň saýty habar berýär.
Ýakynda horwatiýaly hünärmen Ante Mişeniň ýolbaşçylygyndaky tälimçiler
düzümi Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň dünýä çempionaty – 2022-niň
saýlama tapgyrynda geçirjek duşuşyklaryna gatnaşjak oýunçylar düzümini
tassyklady. Bu düzüme ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň toparlarynda çykyş
edýän oýunçylaryň 25-si girizildi.
Çagyrylan oýunçylaryň 21-siniň ýurdumyzyň futbol çempionatynda, 4-siniň
bolsa daşary döwletleriň futbol çempionatlarynda çykyş edýändiklerini
ýatladýarys.
16:00-da başlanjak duşuşyklaryň ikisi-de paýtagtymyzdaky “Köpetdag”
stadionynda geçiriler.
Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy toparynyň sanawy:
| Familiýasy, ady | Futbol kluby |
| Annagulyýew Güýçmyrat | “Aşgabat” FK |
| Amanow Arslanmyrat | “Lokomotiw” FK Özbegistan Respublikasy |
| Annadurdyýew Altymyrat | “Altyn Asyr” FK |
| Annaorazow Serdar | “Ahal” FK |
| Aşyrow Gurbanguly | “Ahal” FK |
| Aşyrow Mekan | “Altyn Asyr” FK |
| Babaýew Batyr (d) | “Ahal” FK |
| Bäşimow Abdy | “Ahal” FK |
| Babajanow Zafar | “Altyn Asyr” FK |
| Diniýew Meýlis | “Köpetdag” FK |
| Durdyýew Didar | “Ahal” FK |
| Geldiýew Serdar | “Altyn Asyr” FK |
| Gurbani Amir | “Nagaworld” FK Kamboja Patyşalygy |
| Hojaýew Resul | “Altyn Asyr” FK |
| Japarow Rahat (d) | “Köpetdag” FK |
| Magtymow Yhlas | “Şagadam” FK |
| Mingazow Ruslan | “Irtyş” FK Gazagystan Respublikasy |
| Orazmuhammedow Mämmet (d) | “Altyn Asyr” FK |
| Orazsähedow Wahyt | “Dordoý” FK Gyrgyz Respublikasy |
| Saparow Mekan | “Altyn Asyr” FK |
| Seýitmuhammedow Döwletmyrat | “Köpetdag” FK |
| Saparmämmedow Yhlas | “Ahal” FK |
| Titow Mihail | “Altyn Asyr” FK |
| Ylýasow Wezirgeldi | “Ahal” FK |
| Ýakşiýew Murat | “Altyn Asyr” FK |

TM










