«Türkmenhowaýollary» agentligi halkara gatnawlaryň ugruny giňeltmek, şol sanda Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda we Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherlerine howa gatnawlaryny ýola goýmak maksady bilen, degişli işleri alyp barýar. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow bu gatnawlara 2020-nji ýylyň fewral aýynda başlamagyň meýilleşdirilýändigi barada Türkmen Liderine hasabat berdi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, raýat awiasiýasynyň ýokary netijeliligini üpjün etmek boýunça birnäçe çäreleri kesgitledi. Soňky ýyllarda bu pudak kuwwatly itergä eýe boldy. Ýokary dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap howa menzilleri guruldy. Howa uçarlarynyň üsti olaryň täze görnüşleri bilen ýetirilýär.
Milli Liderimiz milli awiasiýany ösdürmek boýunça möhüm wezipeleri kesgitläp, uçuş düzümi we ýerdäki gulluklar üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Pudaga bildirilýän talaplar diňe bir onuň enjamlaşdyrylyşyna däl-de, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlygyna hem degişlidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Ýurdumyzyň howa menzilleri çäk we ykdysady nukdaýnazardan däl, eýsem, üstaşyr ugurlar üçin hem örän amatlydyr. Şeýle hem tehniki gonuşlar we uçarlara degişli hyzmaty ýola goýmak babatda ýurdumyzda zerur şertler bar. Munuň özi Türkmenistanyň ýurtlary we yklymlary baglanyşdyrýan halkara ulag aragatnaşyklary ulgamynyň möhüm bölegi hökmündäki ornuny pugtalandyrýar.
Türkmen awiatorlary halkara ýolagçy howa ugurlarynyň çägini has-da giňeltmelidirler we hereket edýän ugurlardaky gatnawlaryň ýygylygyny artdyrmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we täze ugurlar boýunça yzygiderli gatnawlary amala aşyrmak hakyndaky teklipleri makullady.
BAŞ SAHYPA: Путешествия «Türkmenhowaýollary» 2020-nji ýylyň fewralynda täze halkara howa gatnawlaryny açar