Ýakynda geçirilen hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Türkmenistanyň «EKSPO 2020» Bütindünýä sergisine ýokary derejede gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Wise-premýer häzirki wagtda ählumumy forumda ýurdumyza wekilçilik etjek bölümiň işiniň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek maksady bilen anyk çäreleriň görülýändigini habar berdi.
Häzirki wagtda degişli düzümler bilen zerur resminamalar ylalaşyldy we gurluşyk-gurnama işleri başlandy. Iki gatly binada diňe bir ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamda gazanan üstünliklerini däl, eýsem, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny aýdyň görkezmek üçin ähli şertler göz öňünde tutular.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň «EKSPO 2020» Bütindünýä sergisine gatnaşmagynyň esasy maksadynyň häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmakdan, beýleki döwletler bilen daşary ykdysady aragatnaşyklary ösdürmekden ybaratdygyny belledi.
«EKSPO – 2020» günde ortaça ýüzlerçe müň adam kabul eder we onuň gurluşynda emeli intellekt, köpçülikleýin akymlary dolandyrmak üçin öňdebaryjy ulgamlar we dynuwsyz hereketi üpjün etmek üçin başga-da köp zatlar ulanylar. Dubaýda geçiriljek Bütindünýä serginiň guramaçylary «EKSPO – 2020-niň» dowam edýän wagtynda sarp ediljek energiýanyň dolulygyna dikeldiji çeşmelerden öndüriljekdigi barada habar berýärler.
BAŞ SAHYPA: Мировые новости Türkmenistan «EKSPO 2020» Bütindünýä sergisine ýokary derejede taýýarlyk görýär
Türkmenistan «EKSPO 2020» Bütindünýä sergisine ýokary derejede taýýarlyk görýär
