Käbirleri it saklamagyň saglygy has berkidýändigini we fiziki formany
güýçlendirýändigini aýdýarlar. Bu çaklamanyň nä derejede dogrudygyna, nä
derejede ýalňyşdygyna seredip geçeliň.

It eýeleri hepdede azyndan 5 sagat daşarda gezýärler we bu iti
bolmadyklardan ortaça 3 sagat köpdür. Bu hökmany gezelenç adatça belli bir
wagtda we yzygiderli bolýar, şeýlelikde adam açyk howa has köp çykýar hem-de
hereket edýär. Bu onuň saglygyna, esasan hem ýürek-damar ulgamyna peýdaly
täsir edýär.
2012-nji ýylda ýapon alymlary barlaglaryň esasynda her gün itini gezelenje
çykarýan adamlaryň gündelik ýerine ýetirmeli fiziki hereketlerini artygy bilen
amala aşyrýandygyny ýüze çykarypdylar. Şonuň netijesinde, olaryň gan basyşy
peselýär we gandaky holesteriniň mukdary azalýar.
Emma öýde itiň bolmagy eýesiniň berk saglygyna kepil geçip bilmeýär. It
edinmegiň sizi aşa semizlikden ýa-da ýürek kesellerinden gorajakdygyna bil
baglamak ýalňyşdyr. Saglyk diýlende, ilki bilen, oňa täsir edýän esasy faktorlary
göz öňünde tutmaly: kadaly iýmitlenmek, ýeterlik uky, sagdyn durmuş ýörelgeleri
we ş.m. Barlaglaryň netijeleri barada aýdanymyzda, it eýeleri has işjeň durmuşda
ýaşaýarlar. Özbaşdak sport bilen meşgullanýanlaryň köpüsi öý haýwanyny belli bir
derejä ýetensoň edinýändigini hem ýatdan çykarmaly däl. Şeýle hem öýde itiň
peýda bolmagy uzak wagtlap eýesiniň durmuş ýörelgelerine täsir edip bilmeýär.
Esasy ýatlatmak isleýän zadymyz: it edinmegiň maksady özüňi has gowy
görkezmek bolmaly däl, ol dört aýakly dostuňa söýgüden gelip çykmaly!