Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Sport we Ýaşlar syýasaty ministrligi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde gurnamagynda«Bilim we Sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahaty öz işine başlady. Sergini guraýjy topar ýurdumyzyň dahylly ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilermenlerini hem-de hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrdy. Mundan başga-da sergä ýurdumyzyň resmi wekilleri,köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Sergide ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň halk köpçülikligine hödürleýän kitaplary, gazanýan üstünlikleri, talyplarymyzyň ders we internet olimpiadaýalarynda görkezen netijeleri, şeýle-de daşary ýurt wekilleriniň ylymda, bilimde ýeten sepgitlerini görkezýän sergiler degişli pawelionlarda şöhlelendirilipdir. Sergi öz işini dowam edýär.
Gurbanmyrat SARYÝEW
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby