14-nji noýabrda Aşgabatda geçirilýän «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň
bagtyýarlyk döwründe» halkara forumyň çäklerinde resminamalaryň
ençemesine gol çekildi. Şolaryň hatarynda:
Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen «ELХOLDING» ygtyýarlygy
çäklendirilen ylmy-önümçilik birleşiginiň arasynda bilim tehnologiýalary
babatynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň
Telekommunikasiýlar we informatika instituty bilen Kluž – Napoka
şäherindäki Tehniki uniwersitetiniň arasynda ylmy we akademiki
hyzmatdaşlyk etmek hakynda Şertnama, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky
Inžener –tehnologiýalar uniwersiteti bilen Buharest şäherindäki Politehniki
uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmen
döwlet bedenterbiýe we sport instituty bilen Buharestiň milli bedenterbiýe we
sport uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama bar.
Mundan başga-da, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet
lukmançylyk uniwersiteti bilen Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş
ministrliginiň ýokary bilimiň Federal döwlet býujet bilim beriş edarasy
“Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň” arasynda bilim we saglygy
goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama, Seýitnazar Seýdi
adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty bilen Wolgograd döwlet
durmuş-mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek
hakynda Ähtnama, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti
bilen Russiýa federasiýasynyň «Şýolkowo Agrohim» paýdarlar jemgyýetiniň
arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama, Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky
döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygy durmuşa
geçirmek boýunça 2020 — 2022-nji ýyllarda geçiriljek çäreleriň
Meýilnamasyna,Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Kazan
milli barlag tehnologiýalar uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek
hakynda Şertnama, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag
kommunikasiýalary instituty bilen A.N.Tupolew adyndaky Kazan milli barlag
tehniki uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol
çekildi.
Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen
«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we
«PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetiniň arasynda Özara
düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-
tehnologiýalar uniwersiteti bilen Inha uniwersitetiniň arasynda Özara
düşünişmek hakynda Ähtnama, Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Inha
uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.
Forumyň barşynda şeýle hem sport ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky
resminamalara — Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti bilen Aziýanyň
Hokkeý federasiýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama,
Hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Tennis federasiýasy bilen
Portugaliýanyň «Сlass Aсademy» kompaniýasynyň arasynda Özara
düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Nygtalyşy ýaly, bu resminamalar hyzmatdaşlygy giňeltmek, tejribe alyşmak
ulgamynda gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolar.