Türkmen talyp ýaşlarynyň halkara derejesinde geçirilýän ylym-bilim bäsleşiklerinde, internet olimpiadalarynda üstünlik gazanmaklary, Watanymyza baýrakly dolanyp gelmekleri indi täzelik däl-de, adaty hoş habarlara öwrülip gitdi diýsek hem ýalňyşmarys. Çünki hormatly Prezidentimiziň döredip berýän döwrebap şertlerinden ruhlanyp okaýan zehinli talyplarymyzyň halkara derejesindäki ylym-bilim bäsleşiklerine gatnaşmagy hem-de öňdäki orunlary eýelemegi yzygiderli häsiýete eýe bolýar. Ine, golaýda, has anygy, 7—11-nji noýabr aralygynda Polşa Respublikasynyň Katowişe şäherinde geçen Halkara matematika bäsleşiginde hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary bu hakykaty nobatdaky gezek bütin dünýä äşgär etdiler.

Parasatly pederlerimiziň “Bilegi zor birini ýykar, bilimi zor – müňüni” diýen dürdäne sözlerini halkara bilim jemgyýetçiligine hemişe subut edip gelýän zehinli ýaşlarymyz bu gezek hem öz bilimleriniň zordugyny görkezip, üstünligi elden bermediler. Bu halkara ders bäsleşiginde talyplarymyzyň 3-üsi 1-nji, 6-sy 2-nji, ýene-de 3-üsi bolsa 3-nji orny eýeläp, degişli diplomlara mynasyp boldular.

Türkmenistan, Rumyniýa, Polşa, Çehiýa, Wýetnam ýaly birnäçe döwletlerden gelip, 19 topara wekilçilik eden jemi 100-e golaý talybyň gatnaşmagynda geçen bu halkara ders bäsleşiginiň şahsy birinjiliginde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara ykdysadyýeti we menejment fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Perman Iljanow, şol uniwersitetiň biznes-dolandyryş magistratura taýýarlyk ugrunyň talyby Şahlo Hasanowa hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Jepbar Asgarow 1-nji orny, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň maglumat tehnologiýalary fakultetiniň 5-nji ýyl talyplary Hamidbek Hajiýew, Döwran Nurgeldiýew, 4-nji ýyl talyplary Ramazan Bahtiýarow, Seýitmuhammet Şamyradow, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň tebigat bilimleri we matematika fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Göwher Şükürowa hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Myrat Amandurdyýew 2-nji orny, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň maglumat tehnologiýalary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Murat Çaşemow, şol fakultetiň 2-nji ýyl talyby Murat Sapaýew hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň kompýuter tehnologiýasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Gurt Döwletow dagy 3-nji orny eýelemegi başardylar we degişli diplomlara mynasyp boldular.

Halkara ders bäsleşiginiň toparlaýyn görnüşinde hem türkmen talyplary üstünlikli çykyş edip, 2 gezek 2-nji, 1 gezek bolsa 3-nji orny eýelemegi başardy.

Şular ýaly ýokary derejede geçýän halkara bilim bäsleşiklerinde talyplarymyzyň gazanýan ajaýyp üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň yglan eden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ylym-bilim syýasatynyň gazanýan ösüşleriniň halkara derejesinde has-da dabaralanýandygyny görkezýär.

Türkmen talyplarynyň gazanan bu ajaýyp bilim üstünligi mynasybetli 15-nji noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde dabara geçirildi. Onda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden bu halkara ders bäsleşigine gatnaşyp, ýeňiji bolan talyplara ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Dabaranyň dowamynda söz sözlän ýeňiji talyplar hem-de beýleki çykyş edenler ylym-bilim ulgamyny ösdürmek ugrunda edýän taýsyz tagallalary, türkmen ýaşlarynyň dünýä derejesinde öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyklaryny bildirdiler.

Aýmyrat PIRJIKOW,

Magtymguly adyndaky

Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň 5-nji ýyl talyby.