Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda iň öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan senagat we kommunikasiýa toplumynyň bardygyny belledi. Bu toplum köp babatda ykdysadyýetiň ösüşini kesgitleýär. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutany bu toplum boýunça wise-premýeriň garamagyndaky ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň, şol sanda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň tabşyryklary ýerine ýetirip bilmeýändigine wise-premýeriň ünsüni çekdi.

Döwlet Baştutany «Türkmensenagat» agentliginiň işine ünsi çekip, alnyp barylýan gurluşyklary üçin zerur materiallar bilen öz wagtynda üpjün etmegiň zerurdygyny aýtdy we wise-premýere gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň işini has-da gowulandyrmak meselesine aýratyn üns bermegi talap etdi.

Pudaklar netijeli işlemelidir hem-de döwlete girdeji getirmelidir. Telekeçileri giňden çekmegiň hasabyna senagat pudagyny has-da ösdürmeli diýip, milli Liderimiz bu ýerde gürrüňiň bäsdeşlige ukyply, innowasiýalara esaslanýan senagat pudagyny we onuň üpjünçilik ulgamlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek barada barýandygyny belledi. Döwlet Baştutany bularyň ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny ösdürmekde, aýratyn-da, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmekde berk binýatdygyny aýtdy.

Şeýle hem halkara ýük gatnawlary bilen bagly meseleleri düýpli öwrenilmelidir. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanly ulgama geçirmek boýunça maksatnamalary we bu ugurda degişli hünärmenleri taýýarlamagyň üstünde işlemeli diýip, Prezident belledi. Telewideniýäni we aragatnaşyk serişdelerini mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine aýratyn üns berilmelidir.