Ýakynda geçirilen hökümet mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowa gurluşyk toplumynda geçirilýän özgertmeleriň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutany bu ugurdan zerur hünärmenleri taýýarlamagyň, täze gurluşyk, tehnologik kompaniýalary döretmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwletimiziň çäklerinden daşarda iş alyp baryp, daşary ýurt pulunda girdeji gazanmaly diýip, Prezident belledi.
Milli Liderimiz wise-premýeriň hem-de energetika ministri M.Artykowyň alyp barýan işinden nägiledigini aýdyp, Energetika ministrliginiň bellenen tabşyryklary ýerine ýetirip bilmeýändigine ünsi çekdi. Bar bolan mümkinçiliklere garamazdan, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberi az bolmagynda galýar.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýerden bu ugurda işleriň ýagdaýyny düýpli seljermegi hem-de zerur çäreleri görmegi talap etdi.
Energetika pudagyny ösdürmäge köp serişde goýulýar. Şoňa görä, ondan girdeji hem almalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere Ministrler Kabinetiniň indiki mejlisinde bu ugurda geçiren işleriniň netijeleri barada hasabat bermegi tabşyrdy. Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy meseleleri boýunça orunbasarynyň wezipe borçlaryny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi.