18-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly
wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine
paýtagtymyzy we ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek,
welaýatlaryň durmuş düzümlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek,
möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek meseleleri girizildi.
Maslahatyň başynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew
paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýy, şäheriň ilatyny agyz suwy, elektrik
energiýasy we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek, şeýle hem öňde boljak
şanly senelere taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Hasabatyň dowamynda häkim şäheriň etraplarynyň çäklerinde arassaçylygy
saklamak we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan
çäreler barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, bu ugurda degişli düzümler bilen
ýörite maksatnama işlenip taýýarlanyldy.
Soňra welaýat häkimleri häzirki döwürde ýerlerde işleriň ýagdaýy,
möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, galan pagta
hasylyny ýitgisiz ýygnap almak ugrunda geçirilýän çäreler barada hasabat
berdiler.
BAŞ SAHYPA: Политика Sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda döwlet durmuşynyň meseleleri maslahatlaşyldy
