Türkmenistanyň dürli künjeklerinde geçirilen geologiýa-gözleg işleriniň
dowamynda Balkan welaýatynyň çäginde demriň ägirt uly gorlary bar bolan känler
ýüze çykaryldy. Bu barada 22-nji noýabrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly
geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer M.Meredow habar berdi.
Döwlet Baştutany bu habary kanagatlanma bilen diňläp, şol bir wagtyň
özünde sanly wideoaragatnaşyga wise-premýerler B.Öwezowy we Ç.Purçekowy
çagyrdy. Hormatly Prezidentimiz türkmen topragynda bar bolan tebigy
baýlyklaryň ýurdumyzyň abadançylygynyň we alnyp barylýan işleriň netijeli
häsiýete eýe bolmagynyň bähbidine işjeň peýdalanylmalydygyny we degişli
derejede özleşdirilmelidigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz ýüze çykarylan demriň gorlaryny senagat taýdan
işleýän täze metallurgiýa kärhanasyny gurmak, onuň degişli derejedäki işini ýola
goýmak hem-de zawodyň ýerleşjek ýerlerini kesgitlemek boýunça bilelikde iş alyp
barmak babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn wagtda dünýä derejesinde
bar bolan oňyn tejribeleri, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary işläp taýýarlamak
we onuň senagat taýdan önümçiligini ýola goýmak boýunça halkara derejesindäki
ylmyň gazananlaryny işjeň öwrenmek we bu ugurda degişli teklipleri taýýarlamak
babatda wise-premýerlere anyk görkezmeleri berdi.
BAŞ SAHYPA: Новости Türkmenistanda demriň gorlaryny senagat taýdan işleýän täze metallurgiýa kärhanasy gurlar
Türkmenistanda demriň gorlaryny senagat taýdan işleýän täze metallurgiýa kärhanasy gurlar
