Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwalyň ýapylyş dabarasy boldy.

Bu iri forum myhmansöýer türkmen topragynda dünýäniň 12 döwletinden gelen döredijilik ulgamynyň wekillerini birleşdirip, festiwaly geçirmek başlangyjynyň esasynda goýlan parahatçylyk, ýagşylyk we döredijilik maksatlarynyň mizemezliginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Hepdäniň dowamynda döredijilik täzeliklerine we ýatdan çykmajak duşuşyklara baý bolan baýramçylyk ak mermerli paýtagtymyzda dowam etdi. Festiwalyň maksatnamasy daşary ýurtlaryň teatr toparlarynyň 14-siniň çykyşlaryny öz içine aldy. Türkmen sungatyna ýurdumyzyň esasy teatrlary wekilçilik etdiler. Artistleriň çykyşlary Aşgabadyň ajaýyp sahna meýdançalarynda tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmagy bilen geçdi.

Türkmenistanlylar we myhmanlarymyz özboluşly aktýorlyk, režissýorlyk we sahna işleri bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik aldylar. Bu wakanyň çäklerinde ussatlyk sapaklary we döredijilik duşuşyklary geçirildi. Şekillendiriş sungaty muzeýinde bolsa teatra bagyşlanan sergi guraldy. Festiwalyň jemleýji güni geçirilen iş maslahatynyň barşynda kärdeşler teatryň ösüşiniň häzirki ýagdaýyny, geljekki gatnaşyklar üçin mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, tomaşaçyny çekmek üçin häzir täze keşpler, öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de ylmy-tehniki ösüşiň gazananlary ulanylýar. Sahnada geçmiş we häzirki döwür, däp-dessurlar we täzelikler, folklor hem-de täze pikirler sazlaşykly utgaşýar.