Biziň damarlarymyz gan aýlaýar, diýmek, tutuş bedenimiz boýunça kislorod we peýdaly maddalary aýlaýar. Olar elmydama açyk hem çeýe ýagdaýda bolmaly. Çünki bu ganyň ähli organlara we bedeniň aýratyn alnan her bir öýjügine ýetmegi üçin zerurdyr. Mýunheniň tehniki uniwersitetiniň Öňüni alyş we sport lukmançylygy merkeziniň professory Martin Halle sagdyn damarlaryň esasy dört duşmany barada gürrüň berdi. Bu barada Orient agentligi habar berýär.

Birinji ýerde — çilim çekmeklik. Çilimiň düzümindäki nikotin gan damarlaryny daraldýar, bedeniň käbir agzalaryna gan barmasy kesilýär. Bu ýagdaý uzak dowam etmeýär. Muňa garamazdan, çilim çekmeklik damarlara uzak geljekde zyýan ýetirýär. Çünki ol damarlaryň içki gatlagyna zyýanly hüjüm edýär. Bu gatlakdaky öýjükler ýogalýar, bu bolsa, «boşluklary» emele getirýär.

Ikinji — ganda süýjiniň derejesiniň ýokary bolmagy. Ol damarlaryň içki diwarlaryny ýumurýar. Eger-de siz süýjülikleri yzygiderli kabul etmeýän bolsaňyz, onda alada edere zat ýok. Emma diabetikler we preddiabetikler damarlarynyň gorag diwarlaryna yzygiderli zeper ýetirýärler.

Üçünji — holesteriniň ýokary derejesi. Çünki ol ownuk çişleri emele getirýär. Olar bolsa, arteriýalary gowşadyp, maýyşgak etmeýär.

Dördünji – ýokary basyş. Eger-de damarlar eýýäm zyýan çeken bolsa, yzygiderli ýokary gan basyşy has hem howpludyr. Ýokary basyşda ganyň aýlanmagy diwarlara zeper ýetirip biler.

Damarlary berkitmek we olary uzak wagtlap sagdyn saklamak üçin nemes lukmany dürli reňkli bakja önümlerini köp içmegi, günde iki gezek açyk howada gezelenç etmegi, kadaly agram saklamagy we aşa ýagly bolmadyk iýmitler bilen iýmitlenmegi maslahat berýär.