10-njy dekabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysyny hanym Neda Bergeri kabul etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow döredijilik taslamalary bilen hyzmatdaşlygy artdyrmakda görkezýän tagallalary üçin Neda Bergere minnetdarlyk bildirip, onuň ýolbaşçylyk edýän jemgyýetiniň alyp barýan işleriniň ähmiýetini nygtady. Bu jemgyýet ençeme ýyllaryň dowamynda Türkmenistan bilen Awstriýanyň halklarynyň arasynda dostluk, işewürlik, döredijilik gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, maglumatlary alyşmak babatynda uly işleri geçirýär.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça hem-de bu jemgyýetiň gatnaşmagynda bilelikdäki Türkmen-awstriýa “Galkynyş” simfoniki orkestri döredildi. Şu ýyl Aşgabatda bu orkestriň döredilmeginiň 10 ýyllyk senesi aýdyň öwüşginli baýram hökmünde bellenildi. Şol günler türkmen paýtagtynda ýene bir ajaýyp däbe öwrülen IV Wena baly geçirildi.

Şunuň ýaly iri çärelerden başga-da, geçen döwürde köp sanly duşuşyklar, tanyşdyryş çäreleri, sergiler guraldy. Şeýle hem Ýewropanyň ykrar edilen medeni merkezi bolan Wena şäherinde türkmen sungat ussatlarynyň çykyşlary boldy. Awstriýa-Türkmen jemgyýeti internetde öz saýtynyň sahypalarynda türkmen halkynyň taryhy, mirasy, Türkmenistanyň ägirt uly gazananlary we üstünlikleri barada gürrüň berýän habarlary ýerleşdirýär.

Myhman 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygynyň giňden dabaralandyryljakdygyny belläp, diňe bir sebitiň däl, eýsem, dünýä ýurtlarynyň durmuşynda şanly waka öwrülen bu sene mynasybetli Awstriýanyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda giň möçberli medeni maksatnamanyň taýýarlanylýandygyny, şeýle hem halkara derejedäki döredijilik çäreleriniň toplumyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Gurbanguly Berdimuhamedow Neda Bergeriň türkmen halkynyň öňden gelýän dostudygyny belledi. Milli Liderimiz döwletimiziň hemişe Awstriýa, şeýle hem gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam berjekdigini nygtap, netijeli medeni hyzmatdaşlygy dowam etmek baradaky pikirini beýan etdi.