10-njy dekabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Litwa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Egidiýus Nawikasdan ynanç hatyny kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda Egidiýus Nawikas Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäniň dürli ýurtlary we abraýly halkara guramalary bilen ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine gönükdirilen gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny esasy ugur edinýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary bilen tanyşdyryldy.
Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça milli ykdysadyýetimiziň mümkinçilikleriniň köpugurly esasda ösdürilmegine gönükdirilen hem-de sebitlerde häzirki zaman düzüminiň täzeçil esasda ösdürilmegini, halkymyzyň abadançylygynyň we durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny nazarlaýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylmagyna möhüm üns berildi.
Litwaly diplomat milli
parlamentimiziň düzümi hem-de onuň köpugurly işi, şol sanda milli kanunçylygy
döwrebaplaşdyrmak, konstitusion özgertmeleri geçirmek we ýurdumyzyň Esasy
Kanunyny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler bilen tanyşdyryldy.
Halkara gün tertibiniň, şol sanda Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi
görnüşindäki gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy.