Türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu hoş habar sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşenbe güni geçirilen maslahatda habar berildi. Bellenilişi ýaly, bu çözgüt 9 — 14-nji dekabr aralygynda Kolumbiýanyň paýtagty Bogotada geçirilen ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça hökümetara komitetiniň 14-nji mejlisinde kabul edildi.

ÝUNESKO-nyň bilermenleriniň türkmen el halyçylyk däplerini tutuş dünýäniň beýik medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar etmeginiň bu milli gymmatlygymyzyň daşary ýurtlardaky abraýyny has belende galdyrjakdygy, has giň gerimli meşhurlyga eýe etjekdigi şübhesizdir.

Aşgabatdaky Türkmen halysynyň milli muzeýi ruhy we maddy medeniýetiň ojagy, ýüzlerçe gymmat bahaly haly eserleriniň hazynasy bolup durýar. Bu ýere ýurdumyzyň dürli künjeklerinden getirilen çeperçilik gymmaty we tehniki taýdan taýýarlanyşy boýunça örän seýrek tapylýan baý gymmatlyklar toplumy ýygnalandyr. Alymlaryň, hünärmenleriň we halyçylaryň gözleglerde we tutanýerli zähmet çeken ýyllarynyň dowamynda gadymy nagyşlaryň ýüzlerçesi dikeldildi, ajaýyp sungatyň irki nusgalary rejelendi.

Bu täsin gymmatlyklaryň hazynasy daşary ýurtly myhmanlary tüýs ýürekden haýran galdyrýar. Ol haly eserleri bu ýere gelýänlere şan-şöhraty dünýäde dabaralanýan türkmen halylarynyň gözelligini we gaýtalanmajak kämilligini barha täzeden açýar. Munuň şeýledigini Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki taryhy waka bilen watandaşlarymyzy, halyçylarymyzy we halyşynaslarymyzy gutlap aýdan sözlerinde aýratyn nygtady: «Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi türkmen zenanlarynyň çeper elleriniň, uz barmaklarynyň gudraty bilen döredilen nepis halylarymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan ajaýyp sungat ýadygärligi hökmünde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr».