Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýamyzyň Sergiler jaýynda
ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny hasda ýüze çykarmak maksady bilen zehinli
talyplardan düzülen “Gujurly ýaşlar” toparynyň ýerine ýetiren işleriniň ajaýyp
sergisi geçirildi. Bu sergide zehinli talyplaryň 200-den gowrak işleri bilen
gatnaşyp, talyplar her biri ýylyň dowamynda özleriniň nusgalyk galjak eserlerini
döretmäge synanyşdylar. Döredilen eserlerde talyplaryň yhlas bilen zähmet
çekendiklerini duýmak bolýar.
“Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynda talyp-ýaşlarda hasda uly
täsir galdyrandygyny olaryň döreden sungat eserlerinde görmek bolýar. Gujurly
ýaşlar dürli temalar bilen bir hatarda taryhy wakalaryna esaslanan belli
şahsyýetleriň gahrymançylykly keşplerini, medeni mirasymyzy wasp edýän işleri
hem döretdiler. Nakgaş eserlerinden “Şekillendiriş sungaty” fakultetiniň
“Nakgaşçylyk we taslama” kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Sytdyhow Alynyň “Mäne
babanyň Çagryl beg we Togrul bege ak pata bermegi” eserinde beýik türkmen
danasy Abusagyt Abuhaýyr Mäne baba beýik Seljuk serdarlary Togrul beg we
Çagryl beg Daňdanakan söweşe gitmezden ozal Mäne Babadan ak pata almaga
gelen pursadyny şekillendiripdir. Taslamanyň merkezinde Mäne baba bilen beýik
serkerdeleriň keşpleri suratlandyrylan. Mäne babanyň danalygyny, paýhaslylygyny
hasda ýüze çykarmak maksady bilen ýaş suratkeş birnäçe çeperçilik serişdelerini
peýdalanypdyr, ýagny oňa gün şöhlelerini düşürip ak egin-eşikde görkezipdir.
Mäne Baba Togrul beg bilen Çagryl bege beýik ýeňiş bilen geljekdigini öňünden
aýdyp, olara Daňdanakan söweşinde gaznaly goşunyny ýeňmek üçin ak patasyny
berýär. Seljuklar bilen Gaznalylaryň arasyndaky aýgytlaýjy söweş 1040-njy ýylyň
23-nji maýynda Marynyň golaýyndaky Daňdanakan galasynyň ýanynda bolupdyr.
Seljuklaryň sowut geýnen 16 müň atly goşuny gaznalylaryň üç esse köp ýygnyny
derbi-dagyn edýärler. Soltan Masud öz ýurduna gaçyp gidýär. Seljuklar söweş
bolan ýerde çadyr dikip, tagt bina edýärler. Daňdanakanda Togrul beg tagta
mündürilip, soltan diýip yglan edilýär.

2014-nji ýylda tamamlan uçurymyz Röwşen Çopanowyň “Jelaleddiniň
edermenligi” atly miniatýura işi hem Köneürgenç türkmenleriniň döwletiniň iň
soňky hökümdary bolan Jelaleddin Meňburun Alaeddin Muhammediň (1220-1231)
mongol goşunlary bilen söweşen pursadyny suratlandyrýar. Jelaleddin Meňburun
Çingiz han we onuň goşuny bilen Hind derýasynyň boýunda duşuşypdyr. Taryhy
maglumatlaryna görä Jelaleddin mongollar bilen söweşende atyny Hind derýasyna
oklapdyr. Onuň töweregindäki nökerleri hem halas bolmak üçin, onuň hereketini
gaýtalapdyrlar. Jelaleddin derýanyň aňyrky kenaryna geçip, Çingiz hana garap,
ýumrugyny döwüpdir. Jelaleddiniň gahrymançylygyny gören Çingiz han öz gözi
gidijiligini we duşmanyna bolan pynhan buýsanjyny daşyna çykaryp, öz
ogullaryna: “Görüň, anha, atasynyň hakyky ogly şeýle bolmalydyr!” diýipdir.
Röwşen Çopanowyň şu eserini synlanyňda hem her bir tomaşaçyda bu taryhy waka
baradaky ýatlamalary göz öňüne gelýär. Söweş meýdanynda gyzyl ýapynjaly
Jelaleddin Meňburun eli ok ýaýly, çapyp barýan atyň üstünde oturyp, derýadan
geçişini şekillendiripdir. Eseriň sag tarapynda Çingiz han we onuň goşuny dürli
ýaraglar arkaly Jelaleddine hüjüm edýän pursady suratlandyrylypdyr.

Sergide taryhy şahsyýetler bilen bagly taslamalary grafika sungatynda
hem öz beýanyny tapypdyr. “Şekillendiriş sungaty” fakultetiniň “Grafika”
kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Akmyrat Akyýewiň “Görogly eposynyň Bezirgen
şahasy” atly işinde Görogly bilen Bezirgeni şekillendiripdir. Bu eserde şadessanyň
Bezirgen şahasy bölüminde Görogly Agaýunusa men-menlik edip “Dünýäde
meniň öňüme çykjak ýokdur” diýýär. Şonda Agaýunus: — Sen özüňe buýsanýarsyň,
çakdan aşa baha berýärsiň. Eger-de sen şeýle belli goç ýigitlerden bolsaň,
Gürjüstan iliniň şir-merdi, batyr-pälwany Akbeg ogly Bezirgenden bir habar
tutardyň. Ol on sekiz ýyldan bäri üstüni basyp, paç-hyrajyň bermän geçip ýör. Sen
mert bolýan bolsaň, bar-da şony gör, şonuň ýaly mertler bilen güýç synaş, göwnüň
ýetse, onuň bilen dogan okaş, ol-da seniň ýaly bir ýeke ýigitdir – diýdi. Agaýunus
peri Görogly bege Bezirgen gowy ýigitdir güýjüňi synaşsaň synaş emma gaýtjak
wagtyň onuň bilen dogan okaş diýip maslahat berýär. “El eli ýuwar iki el birigip
ýüzi” diýenleridir. Görogly Agaýunusyň aýdyşy ýaly onuň bilen güýç synaşyp

dogan okaşýar. Şu eserde iki şahsyýetiň edermenligini has aýdyň ýönekeý galamyň
üsti bilen görkezilýär. Üç piliň üstüne birikdirilen bir äpet tagtyň üstünde oturan
Görogla tarap tozap gelýän Bezirgeni şekillendiripdir. Dogurdanam, bu eseri
synlanyňda Görogly eposynyň Bezirgen şahasy hakyktdan hem ýadyňa düşýär.
“Gujurly ýaşlar” atly döredijilik sergisi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň zehinli ýaşlaryň taryhy wakalary, medeni mirasymyzy,
edebiýatymyzy giňden şöhlelendirýändigini görkezýär. Türkmenistanyň Döwlet
çeperçilik akademiýasynyň ilkinji guramalary, Türkmenistanyň Kärdeşler
arkalaşygynyň Milli merkezi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Merkezi geňeşi tarapyndan has tapawutlanan talyplara sowgatlar gowşuryldy.

Jumagül Myradowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby