Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli “Dünýä meşhur şanyň türkmen halysy” ady bilen dabaraly çäre geçirildi. Ony Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, şeýle-de Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy bilelikde guradylar.
Dabarada Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bölüm müdiri Maýsa Çaryýewa, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň esasy hünärmeni Ogulsapar Çarybaýewa, “Diýar” žurnalynyň bölüm redaktory Aýnabat Nazarowa, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň uly mugallymy, Aşgabat şäher Halk Maslahatynyň agzasy Juma Artykow, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň “Medeni aň-bilim” bölüminiň esasy hünärmeni Ogulşat Dädebaýewa, Döwlet kitaphanasynyň esasy kitaphanaçysy, “Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy” ýubileý medalynyň eýesi Ogultagan Orazgulyýewa, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň esasy kitaphanaçysy Gülşat Gurbanowa, şeýle-de Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy Leýla Annamyradowa dagylar çykyş etdiler.
Çykyş edenleriň nygtap belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiz halkymyzy dünýä tanadýan ajaýyp gymmatlygymyz, ene-mamalarymyzyň on barmagynyň hünäri bolup, bize miras galan milli halyçylyk sungatyna örän uly sarpa goýýar hem-de onuň gadyr-gymmatyny, gözelligidir nepisligini ýitirmän, geljek nesillere ýetirmäge, türkmen halysynyň şan-şöhratyny bütin dünýä ýüzünde dabaralandyrmaga örän uly ähmiýet berýär. BMG-niň ylym, bilim, medeniýet babatdaky ýörite edarasy bolan ÝUNESKO-nyň golaýda Kolumbiýanyň paýtagtynda geçen mejlisinde milli halyçylyk sungatymyzyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy hem hormatly Prezidentimiziň türkmen halylaryna bolan çäksiz söýgüsiniň hem hormatynyň, onuň at-abraýyny dünýä halklaryna ýaýmak ugrundaky yhlasynyň miwesidir. Milli Liderimiziň türkmen halysyna bagyşlap döreden “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” ýaly ajaýyp kitaplary bolsa çeper elli halyçylarymyz bilen birlikde, ähli türkmen halkymyza, şeýle-de türkmen halylary bilen gyzyklanýan daşary ýurtly syýahatçylardyr hünärmenlere-de gymmatly gollanma boldy.
Döwlet kitaphanasynda bolan dabarada bellenilişi ýaly, kämil sungat eseri bolan türkmen halysynyň döreýşi hem kämilleşişi uzak müňýyllyklardan gözbaş alýar. Arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, Demirgazyk Altaýdan tapylan, müňlerçe ýyl mundan öň dokalan gadymy “Pazyryk” halysy bolsa türkmen halylarynyň ilkinji nusgalarynyň biridir. Türkmen halylary, onuň gölleridir nagyşlarynyň dürli görnüşleriniň döreýşi barada halkyň hakydasynda ençeme rowaýatlardyr hekaýatlar, anyk taryhy maglumatlardyr wakalar nesilden-nesle geçip, ýaşap gelýär. Bu bolsa ene-mamalarymyzdan miras galan milli sungatyň bakylygyny, dowamat-dowam bolup, geljek nesillere-de kämil görnüşinde ýetirilmegini kepillendirýär. Türkmen gelin-gyzlarynyň dokan birnäçe äpet halylary bolsa gaýtalanmajak gözelligi hem dünýäde ýeke-täkligi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyndan orun aldy. Döwlet kitaphanasynda bolan dabarada çykyş edenler şular dogrusynda hem giňişleýin söhbet etdiler.
Dabaranyň çäginde Döwlet kitaphanasynyň gaznasyndan “Gözellik göwheri – türkmen halysy” atly kitap sergisi hem guraldy.
Dabaranyň dowamynda milli gymmatlyklarymyzyň bütin dünýäde ykrar edilmegi ugrunda taýsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň adyna çäksiz hoşallyk sözleri aýdyldy.
Aýmyrat PIRJIKOW,
Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetiniň
žurnalistika hünäriniň 5-nji ýyl talyby.