«Telekeçilik işi hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, şeýle hem ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary — hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almagyň tertibini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary — hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almagyň Tertibi tassyklanyldy.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Işewürligi döwlet tarapyndan goldamak boýunça durmuşa geçirilýän syýasat telekeçileriň milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmäge saldamly goşant goşmagyny höweslendirmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny kämilleşdirmek aýratyn ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutany belledi.