Ýekşenbe güni sagat 20:00-da Özbegistanda mejlisiň kanun çykaryjy (aşaky) palatasyna saýlawlar boýunça ses bermeklik tamamlandy.
22-nji dekabrda Özbegistanyň parlamentiniň kanun çykaryjy (aşaky) palatasyna saýlawlar geçirilen diýlip ykrar edildi. Ýerli wagt bilen 13:00-da saýlawçylaryň 42,4%-i ýa-da 7,97 mln adam ses bermäge gatnaşdy. Hasaba alnan saýlawçylaryň 33%-i ses berenden soň, saýlawlar geçirilen diýlip hasap edilýär. Olaryň jemleri duşenbe güni jemlenilýär.
Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, 18:00-a çenli ýagdaýda saýlawlara 12,92 million (68,7%) adam ses bermäge gatnaşdy. Ilkinjileriň biri bolup Özbegistanyň Wladiwostokdaky Baş konsullygy, şeýle hem Ýaponiýadaky, Indoneziýadaky, Malaýziýadaky diplomatik wekilhanalary ýapyldy.
Saýlawlara ýurtda hereket edýän partiýalaryň bäşisi hem — Özbegistanyň liberal-demokratik partiýasy, Özbegistanyň halk-demokratik partiýasy, Özbegistanyň «Milli galkynyş» demokratik partiýasy, «Adalat» sosial-demokratik partiýa we Ekologiýa partiýasy gatnaşdy. Olar saýlaw okruglarynyň sanyna laýyklykda, 150 sany dalaşgäri öňe sürdüler.