Şweýsariýanyň Mýulleberg kommunasyndaky atom elektrik stansiýasynyň ýadro reaktory deaktiwleşdirildi. Onuň işini togtatmak çäresi göni ýaýlymda görkezildi. AES 47 ýyl işläninden soň ýapyldy. Ony doly söküp aýyrmaklyk 2034-nji ýylda tamamlanar. Bu çäre atom energiýasyndan el çekmek boýunça Şweýsariýanyň birinji ädimidir.
Ýaponiýadaky «Fukusima» AES-inde bolan heläkçilikden soňra Şweýsariýanyň häkimiýeti täze ýadro reaktorlaryny gurmajakdyklaryny beýan etdiler. Ýurtda dört sany AES galdy. Olaryň ikisi Besnau şäherinde bolup, olar ulanyşdan çykarmakda indiki nobatda durlar.
Ýapylmazyndan öň, Mýullebergdäki stansiýa umumy içerki elektro energiýa sarp edişiň 5 %-ni ýapýardy. Şweýsariýanyň häkimiýeti geljegiň gidroenergetika, şeýle hem Gün energetikasy bilen baglanyşdyrýandygyny beýan edýärler.