Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestri Türkmenistanyň Döwlet
medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Täze ýyl konsertiniň premýerasyny geçirdi. Konsert Leroý Andersonyň «Roždestwo festiwaly» eseri bilen açyldy. Orkestrantlaryň sazandarlygynda Döwlet hory baýramçylyk ruhuny we jaňjagazlaryň çeşme suwy deý tämiz owazyny ussatlyk bilen beýan edildii. Soňra Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň «Güller walsy» şahyrana eseri ýerine ýetirildi. Bariton mahmal owazly Türkmenistanyň at gazanan artisti Ismaýyl Jumaýew Imre Kalmanyň «Sirk melegi» operettasyndan mister Iksiň ariýasyny aýdyp, tomaşaçylaryň alkyşyny gazandy.
Konsertde Iogann Ştrausyň «Gök gürrüldisi we ýyldyrym», «Müsür marşy», «Baky hereket» ýaly nusgawy eserlerini orkestriň sazandalary çeper we joşgunly ýerine ýetirip, diňleýjileriň göwnüni galkyndyrdylar. «Ykbal oýny ýa-da Täze ýyl başdan geçirmeleri» we «Öýde bir özi» ýaly Täze ýylda görkezilýän meşhur filmlere sazlar hem tomaşaçylaryň göwnüni awlady. Konsertiň ahyrynda Iogann Ştrausyň «Radeskiniň marşy» sazy ýaňlandy. Şowhunly saz, Resul Gylyjowyň artistlere mahsus hereketleri bu ýere gelenleri özüne bendi etdi. Her gezek sazyň gaýtalanmasy ýaňlananda ol tomaşaçylara tarap öwrülýärdi-de, olaryň el çarpmasyna dirižýorlyk edýärdi. Diňleýjiler Täze ýyl ertekisine syýahaty peşgeş beren sazandalary şowhunly el çarpmalar bilen mübäreklediler…
