Ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň ähli
welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda Ahal welaýatynda sanlylaşdyrmak ulgamynda tejribe alyşmak boýunça iş duşuşygy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow bu sebitde ýurdumyzda ilkinji bolup döwlet dolandyryş ulgamyna sanly maglumat tehnologiýalarynyň, şol sanda elektron resminama dolanyşygynyň girizilendigi barada hasabat berdi, bu tehnologiýalar işiň
netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Sebitiň ýolbaşçysy S.Berdimuhamedow bu ulgamda Ahal welaýatynyň tejribesi bilen
tanyşdyryp, dürli düzümleriň özara gatnaşyklaryny ýokarlandyrmakda olaryň netijeliligini hem-de welaýat we etraplaryň derejesinde çözgütleri has tiz kabul etmäge, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmaga amatly mümkinçilikleriň döreýändigini belledi. Çalt özgerýän häzirki zaman dünýäsinde wagt esasy serişdedir. Sanly dolandyryş usullarynyň ornaşdyrylmagy bolsa diňe bir kagyz resminamalaryny taýýarlamaga däl-de, olary zerur bolan ýerine ýetirmäge sarp edilýän wagty hem tygşytlamagyň has netijeli guraly bolup durýar, munuň özi gönüden-göni ykdysady bähbitleri hem-de döwlet düzümleriniň
işleriniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär.
Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň bu ulgama yzygiderli birikdirilmeginiň uly ähmiýetini hem- de sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleri çözmekde möhümdigini bellemek gerek. Bu ulgam giň ugurlary öz gerimine alýar, olar şeýle hem milli ulgamlaýyn giňişligiň, internet hyzmatlary toplumynyň kadalaşdyrylmagyny we giňeldilmegini kanunçylyk taýdan goldamagy işläp taýýarlamagy hem öz içine alýar.