“Ajap Önüm” kompaniýasy Türkmenistanda ýerli togtadyjy kolodkalaryny
öndürmäge başlady. “Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň habar bermegine
görä, bu kompaniýada önümçilik noýabr aýynyň başynda ýola goýlup, 26-njy
dekabrda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan Laýyklyk
sertifikat berlipdir.
Ulag eýelerini amatly bahadan togtadyjy kolodkalary bilen üpjün etmegi
wezipeleri hasaplaýan kompaniýa import edilýän önümleriň ornuny tutjak ýokary
hilli önümleri öndürmegi göz öňünde tutýar.
Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda ýerleşýän kärhanada ýyllyk ortaça
300 müň toplumdan gowrak kolodkalary öndürmäge mümkinçilik bar.
Kolodkalaryň önümçiliginde esasan-da ýeňil awtoulaglary göz öňünde tutan
kompaniýa Türkmenistanda ulanylýan ýeňil ulaglaryň aglabasyna gabat geljek
görnüşini öndürmäge başlady.
Togtadyjy kolodkalarynyň ilkinji nusgalary kämil barlag enjamlarynda synag
edildi. Oňyn netije alnandan soňra önümçilige doly güýjünde girişildi.
Ýurduň ähli künjekleriniň söwda nokatlaryna iberiljek ätiýaçlyk şaýlar bilen
ilki içerki bazary üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Dowam edýän proses doly
tamamlanandan soň kompaniýa önümlerini eksport etmegiň mümkinçilikleri
ugrunda iş alyp barmagy meýilleşdirýär.
Türkmenistanda togtadyjy kolodkalar öndürilip başlandy
