Kino we telewizion sungaty Awstraliýa akademiýasy Kwentin Tarantinony «Bir gezek Holliwudda» diýen filmi üçin iň gowy režisýor diýip ykrar etdi. Bu barada Hollywood Reporter agentligine salgylanyp Ria Nowosti habar berýär.
Iň gowy kartinka hökmünde koreý režisýory Pon Jun-honyň «Parazitler» kinosy saýlanyldy. Ssenariý üçin baýrak täzezelandiýaly aktýor, režisýor, ssenariýeçi we degişmeçi Taýk Waýtitiniň «Jojo towşanjyk» lentasy üçin berildi.
«Iň gowy erkek roly» üçin baýraga Adam Draýwer, «Iň gowy zenan roly» baýraga bolsa Sirşa Ronan mynasyp boldy. «Joker» we «Parazitler» filmleri «International Awards» baýraklarynyň dört ugry boýunça ýeňiji saýlandy.