Türkmen milletiniň beýik ogly Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň milli ruhunyň binýadyny tutmak bilen ol, türkmen diliniň, türkmen medeniýetiniň hem- de poeziýa janry bilen bagly durnukly pikir sagdynlygyny dünýä ýaýmakda hem-de bu günki gün dünýäniň çar künjünden gelýän myhmanlara türkmen medeniýetiniň we türkmen dünýäsiniň ýokary hazynasy bolan ruhy baýlygyny orta atmakda beýik bir nusgadyr hem bu günki gün biziň ýurdumyz dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna türkmeniň medeniýetiniň we edebiýatynyň goşulmagy üçin beýik sütün goýup giden şahsyýetdir.Magtymguly türkmne halkynyň el degrilmesiz ruhy hazynasy hökmünde ýokary derejede eý görülýän şahyr hem-de türkmeni dünýä tanatjak şahyrdyr. Akyldaryň -Magtygmuly Pyragynyň döredijiligine ser salanymyzda bir giňiş meýdan, bir giňiş deňiz, umman göz öňünde janlanýar we bu umumyadamzat gymmatlygyna öwrülen pikir- garaýyşlary, durmuş zerurlyklaryny beýan edýän köpugurly pelsepewi taglymatlary şu günki kämil jemgyýetimiziň akyl hem — de ruhy goldawy bolup hyzmat edýär. Beýik şahsyýetiň çeper söz arkaly aňladýan pikirleri, garaýyşlary we gymmatly öwütdir — ündewleri edebiýaty öwrenijileriň ünsüni öňden bäri özüne çekip gelýär. Magtymguly Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda türkmen halkynyň beýik akyldar ogly, söz ussady Magtymguly Pyragynyň mertebesi, şan-şöhraty, abraýy diňe bir halkymyzyň arasynda sarpalanman, eýsem dünýä halklarynyň arasynda hem onuň mertebesi, at-abraýy has-da belentde tutulýar. Magtymgulynyň şygyrlar diwany ýiti zehine, pähim paýhasa eýlenen baý filosofik mirasy, umman ýaly giň hem-de çuň pikirleri ýyllar we asyrlar geçse-de bu gün özboluşly ruhy gymmatlyk hökmünde halklarydyr. Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan syýasatyna bir agyzdan jogap bermek ýaly çäreler yzygiderli alnyp barylýar. Her bir halkyň buýsançly halypa şahyr- ýazyjylary bolýar. Olar halkyň ruhuny beýgeldýär. Türkmen alymlarynyň arasynda Magtymgulynyň döredijiliginde ynsanyň mertebesi, öz ýaşan döwrüne we onuñ talaplaryna dogry düşünmek bilen özüniň taryhy wezipesini nä derejede ýerine ýetirendigi hem- de öz halkyna we bütin adamzada eden hyzmatlary türkmen milletiniň medeni taryhy gudratlarynyň açaryny gözlemekde gözlegde öňünden geçmejek gudratly hazynadyr.Her bir şahsyýetiň älem syrlaryny bir ara getirip, şol syrlar içinde täze bir ýol arçamasy , ýörelmedik ýola tarap, yşyk göndermesi ýaly bir zat bolup görünýär, şähyryň döredijiligi.Häzirki döwürde ýurdumyzda geçirilýän halkara konferensiýalardyr, baýramçylyga taýýarlyklar ýakynda paýtagtymyzda geçiriljek ajaýyp dabaralara utgaşyp gidýär. Magtymguly Pyragynyň toý- dabarasynda hem beýik şahyryň gözel heýkeli Köpetdagyň eteginden gözel şaherimize syn edýär. Bu bolsa, gelejege rowan,ösüşler mekany Türkmen paýtagyna bolan söýgüsi kibi görünýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hakda aýratyn oýlanmak, ol hakda hakykatdan hem tutuş bir nesil bolup, hat-da birnäçe arakama arka gelýän alymlar nesli bolup öwrenmek hem azlyk etse gerek. Çünki öz şahyrana dünýäsi bilen döredijiligi hem — de onuň özboluşlylygy bilen dil aýratynlygynyň gözelligi we onuň düregeýligi barada dünýä alymlarynyň aýdanlaryny we olaryň içki syzgysynda sözleri şelaýyn galyba salmak, onuň akyl- düşünjesindäki sungat eseriniň şekile gelmegindäki ussatlygyny diňe türkmen diliniň baýlygy bilen amala aşyryp bolar. Magtymguly bu beýik işi başarmak üçin, bir tarapdan, milletimiziñ müñýyllyklaryñ dowamynda taryh ussahanasynda sünnäläp ýetişdiren az hem uz atalar sözleridir halk döredijiligimiziñ beýleki pudaklaryndan peýdalanan bolsa, beýleki tarapdan hem bütin gündogar edebiýatinda, belki- de dünýäde heýkellere öwrülen we her biriniñ añyrsynda giden bir düşünje ýatan atlardyr, adalgalary özüniñ giñ düşünjelerini beýan etmek üçin örän yerlikli ulanyp bilipdir. Şahyr dünýäniň ýüzünde gören- eşidenlerini, bilenlerini, özüniň öwrenen astronomik hem- de ähli barlygy, onuň hereketleri, aýlanyp, dolanyp, dönüp durşy hem- de ol hereketleriň içinde adamyň bir kiçijik nokatlygy. Magtymguly Pyragynyň bilime goýýan sarpasy belentdir. Ölçegi bilen beýgelen Pyragynyň döredijiligi bolsa, bütündünýä adamzat jemgyýetinde ýokary Magtymguly Pyragy ýaly beýik şahsyýetleriň ýol görkezijiligini baýdak edinip, gije- gündiz işläp, ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň giň gerimler bilen dünýä ýaýramagy babatyndaky işlerde üstünlikli zähmet çekýäris. Beýik Pyragy halkyna edebiýatymyzyň beýik wekilleriniň biri bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi häzirki günümize çenli hem öwrenilip gelindi we ýene-de asyrlar dowamy öwreniljek ägirt ussat. Magtymguly Pyragynyň parahat asuda durmuşda, agzybir, bir supranyň başyna jem bolup ýaşamaklary ugrunda eden arzuw- niýetleri, onuň döredijiliginde baş pikir bolup janlanýar. Ruhy gymmatlyklary umumylaşdyrmak, baýlaşdyrmak, halky birleşdiriji güýje öwürmek akyldaryň döreden şygyrlarynyň esasy pikiri bolmagynda galýarAgzybirlik, birleşmek, bitewi döwlet gurmak pikirini Magtymguly Pyragy umumy görnüşde dürli deňeşdirmeleriň ýa-da meňzetmeleriň üsti bilen diňleýjiniň aňyna, kalbyna ussatlyk bilen ýetiripdir.Geçmiş nusgawy edebiýatymyza, onuň örän uly hazynasyna ser salmazdan öňürti, Magtymguly Pyragysy medeniýetiň, diliň hem- de nusgawy hazynasynyň hakydalara basýan möhri Magtymgulynyň şygyrlarynda has edaly, ol hakda has syrly , setirleriň , jümleleriň içinde has bir gelşikli hakyda bolup galýar.Nusgawy edebiýatyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň şygryýetiň gizlin syrlaryny gözländigini hat-da käte tapsa, käte tapmadygyny aňladýan pikirler onuň döredijiligi bilen içgin gyzyklananyňda ýüze çykýar.Magtymguly Pyragynyň metr ölçeg biriligi bilen hasaplamasy esasynda onuň agaç diýip alýan ölçeg birlikleriniň birnäçe metri ýerine ýetirýän ölçeg bilrikdigi öwrenilendigi eýýämden mälimdir. Şahyr dünýäniň ýüzünde gören- eşidenlerini, bilenlerini, özüniň öwrenen astronomik hem- de geografiýa ylymlaryndan hem- de geometriýa ylymlaryndan gözbaş alýandygyny subut edýär.Magtymgulynyň döredijiligi diňe bir şygryýet ýa- da edebiýat däl- de eýsem, ýaradylyşyň başlangyjyndan tä ahyryna çenli ähli barlygy, onuň hereketleri, aýlanyp, dolanyp, dönüp durşy hem- de ol hereketleriň içinde adamyň bir kiçijik nokatlygy. Adam bu älem barlygynyň içinde diňe bir kiçijik nokat. Ol barlygy iňňäniň gözünden geçirip, onuň göwresiniň ululygyny ilki türkmeniň dili özbaşdaklygyny alyp,soňra heňňamyň sesine sesini goşan şahyryň diliniň döremeginiň gerekdigi onuň taryhynyň çeşmeleri, gelip çykyşy we dünýäniň dillerinden şahalanyp beýik dananyň halkyň dilini hem milli baýlygyny bir ýere jemläp,hemmä mälim bolýandygy düşnüklidir. Türkmen halky hakda-da söz açylanda, Magtymgulynyň dünýä hakyndaky pelsepi oýlanmalaryna degişli şygyrlarynda-da görýäris. Ruhy dünýäleriň açaryny elinde saklaýanlygy bilen ölçelinýändir.Magtymgulynyň goşgularynda-da edil şeýle hadysa saklanýar.Şeýle beýik şahsyýetiň , Magtymguly Pyragynyň milleti ölmaz-ýitmezdir. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hakykatdan hem adamzat gymmatlyklaryny düzýän, ruhuň iň kämil törlerine barmaga mümkinçilik tapýan, akyllar ermeýän, köňüller görmeýän dünýä gudratlarynyň açaryny gözlemekde gözlegde öňünden geçmejek gudratly hazynadyr.
Dünýä edebiýaty ýagşy yzlar bilen ýuwulýar, ýamanlyklary bozup bilýär we gelejege giň hem gorkunç tokaýlaryň içinden ýoda çyzyp berýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bolsa, şu duýga gaplanan. Onuň döredijiligindäki kanonizm, müňlerçe ahwallarda ol siziň ýanyňyzda däl, ruhuňyzda bolar. Magtymguly bu beýik işi başarmak üçin, bir tarapdan, milletimiziñ müñýyllyklaryñ dowamynda taryh ussahanasynda sünnäläp ýetişdiren az hem uz atalar sözleridir halk döredijiligimiziñ beýleki pudaklaryndan peýdalanan bolsa, beýleki tarapdan hem bütin gündogar edebiýatinda, belki-de halk köpçüligine Magtymgulynyň baý dilini öwrenmek hem-de onuň pikirlerini belli bir galyba salmakdaky ussatlygy onuň yaşap geçen döwrüni öwrenip, medeni taryhy bu gün ylym dünýsinde aýdyňlaşdy. Güneşli Türkmenistanymyz ençeme medeniýetiň ojagy we türkmen milleti bolsa, medeniýetlerimizi yzarlaýan maglumatlary otdan geçirmegi, elbetde, halkyň ruhuny ýok etmäge bolan synanyşykdyr. Muny biz Magtymgulynyň adamzadyň halkyň hem-de ýurduň ykbalyny göterýän adamlara berilen beýik dananyň halkyň dilini hem milli baýlygyny bir ýere jemläp türkmen dünýäsiniň dil buýsanjy hökmünde ör boýuna galýar. Her bir şahsyýetiň älem syrlaryny bir ara getirip, şol syrlar içinde täze bir ýol arçamasy nijeme ýol ýöremek, wagt sarp etmek we şol sarp eden wagtyňy adamzat gymmatlyklarynyň belli bir hazynasyny gözlemekde sarp edilen wagta öwürmek- ine, Magtymgulyyň ýoly. Ol özünden öňdäkileri hem diýseň içgin öwrenipdir. Gündogar ýyldyzlarynyň şygryýetdäki ýeten burçlaryndan ýene- de bir täze ýüp ujuny tutup, ony aňryk, asyrlara çekip äkitmek we şol asyrylaryň içi bilen täzeden ýugrup, moderniszasiýalaşdyrmak, Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen baglanşykly bu günler ýurdumyzda geçirilýän çäreler taryhynda diliň täsiri,onuň belli bir halky kemala getirmekdäki orny, onuň şol halkyň ruhy medeniýetini nesillere geçirmekdäki güýji diýseň ýokarydyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hakda aýratyn oýlanmak, ol hakda hakykatdan hem tutuş bir nesil bolup, hat- da birnäçe arakama arka gelýän alymlar nesli bolup öwrenmek hem azlyk etse gerek.
Çünki öz şahyrana dünýäsi bilen döredijiligi hem-de onuň özboluşlylygy bilen halk hakydasynda baky ýaşaýan şahyr bu gün dogrudan hem giňişleýin öwrenilmäge, döredijiligi hakda has täze sözleriň, pikirleriň aýdylmagyna mynasypdyr.Pyragynyň biziň milli ruhumyzyň binýady hökmünde öz şygyrlaryndan kemal tapmasy bu günki gün biziň milli ruhly ýaşlarymyzyň döredmegi üçin, Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Magtymguly Ruhly Ýaşlaryň döremegine hem öz täsirini ýetirjekdigi ikiuçsyzdyr. Magtymguly Pyragysy bilen dünýäniň ýüzünde tanalýan türkmeniň ykbaly göterilip, bu gün Pyragynyň hem şygryýetiň gizlin syrlaryny gözländigini hat- da käte tapsa, käte tapmadygyny aňladýan pikirler onuň aýdanlaryny we olaryň içki syzgysynda sözleri nusgawy edebiýatymyza, onuň örän uly hazynasyna meşhurlyk gazanandygyny aýtmagymyz, ony belläp geçmegimiz gerek. Milli ruhymyzyň binýady bolan Pyragynyň şygyrlary bolsa, her zaman öz iň ýoakry hilliligini gaçyrmaz we ol gelejekde türkmeniň ruhy dünýäsinde beýik bir orun tutan türkmen ruhly şygyrlary bilen nesiller tarapyndna has köp öwreniler. Türki dilli halklaryň edebiýatynyň aýrylmaz bir böleginde ýer alan milli ruhly şahyrymyzyň döredijiligi bu günki gün Köpetdagyň eteginde ýerleşdirilen ajaýyp seýilgähde özüni dünýä görk etdi. Türkmen milleti, türki halklaryň we türki dilli halklaryň milletiniň ruhy dünỳäsini has baỳlaşdyrmak we gözỳetimini has giňeltmek maksady bilen, türkmen milletiniň abraýynyň dünýäniň ösen ýurtlaryna ýaýrap,beýik bir dünýägaraýyşy hut Galkynyşlar hem-de beýik özgertmeler dünýä halklarynyň alymlary tarapyndan berk öwrenilmegi hem — de akyldaryň döredijiligine bagyşlap geçirilýän birnäçe döredijilik duşuşyklary, söhbetdeşlikleri, halkara ylmy maslahatlary türkmen halkynyň edebiýatynyň hem — de bu beýik şahsyýetiň döredijiliginiň aň- düşünjesiniň onuň ruhy hem — de medeni gymmatlyklarynyň nä derejede beýikdigini dünýä halklarynyň aňyna berk we kämil derejede ýetirýär. Türkmeniň ösen medeniýetiniň, dillerinden şahalanyp aýrylyşy hakda gürrüň açylanda türkmen diliniň iň gadymy dilleriň içki syzgysynda sözleri şelaýyn galyba salmak, onuň akyl- düşünjesindäki sungat eseriniň şekile gelmegindäki ussatlygyny diňe türkmen diliniň baýlygy bilen amala aşyryp bolar diýen pikir-düşünje dürdäne ündewine uýup, dünýä we adamzat ýaşaýşynyñ ähli taraplary hakynda az we uz, şeýle hem milli ruhunyň eýesi bolmagyny gazanmak üçin dünýä çagyryşyny , dünýä türkmenlerine bolan garaýşyny ýitirmedikdigi bolsa, häzirki zaman derejesinde 300 ýyllyk toý baýramynyň bellenilýän günlerinde belli boldy. Çünki dünýäniň çar künjünden gelen myhmanlar özleriniň şahyrarynyň ýadygärliklerini hem paýtagtymyzyň eteginde ýerleşýän Köpetdagynyň eteginde 60 metrden ybarat bolan ýadygärligiň açylmagy bilen bilelikde , halkara seýilgähiň hem ol ýerde orun tapmasy Pyrgaynyň huzuryna gelen her bir adamda aýratyn hormat, aýratyn beýik bir ruh döredýär. Şahyr ýüregi halkyna daýanyp, onuň beýik ruhunda emele gelen beýik bir sütünden ruhlanyp, elbetde zamananyň tanymal şahsyýeti bolandygy hemmämiz üçin aýandyr. Magtymgulynyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna türkmeniň medeniýetiniň we edebiýatynyň goşulmagy üçin elbetde bu babatynda hem türkmen halkynyň ruhy binýadyna täze bir eýýämi beren milli şahyry bolmak bilen eziz halkynyñ akyl-payhasyndan dürdäne ündewine uýup, dünýä we adamzat ýaşaýşynyñ ähli taraplary hakynda az we uz, şeýle hem ölmez- yitmez şygyrlary miras goýup gidipdir.  Magtymgulynyň duýgusyna barmak, şol duýgyda ýaşamak ony öwrenmek üçin bir jümläniň yzyna düşüp, dünýä türkmenleriniň özboluşly ýüregi bilen söýýän beýik şähsyýetiň türkmen edebiýatynda dag ýürekli orny bardyr. Hut şonuñ üçin hem onuñ köp goşgularyny, ylaýta- da filosofik düşünjelerini halk köpçüligine Magtymgulynyñ oý- pikirlerini açmak we halk köpçüligine has düşnükliräk beýan etmek üçin edilen işler az däldir. Şeýle hem dünýä bilermenleriniň Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna döredilen edebi mirasyny içgin öwrenmek, wagyz etmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda alnyp barylýan işler has-da rowaçlanýar. Şahyryň öz dilini bilen onuň pelsepesi bu gün dünýä edebiýatyna girmekden ötri, halkyň dil ölçegini ölçeýän birlik hökmünde öňe çykýandygyny aýtmaga her bir türkmen edebiýatçysynyň hem-de dilçisiniň haky bardyr. Milli mirasymyzda iň sarpaly ýerde bolmagy türkmen halkynyň başyny göge ýetirýär. Çünki biziň beýik Magtymguly Pyragymyzyň döredijiligi Gahryman Arkadagymyzyň hem ýiti paýhasynda türkmen ruhyny dünýä ýaýmakda Pyragynyň döredijiliginiň beýikligini bellemegi bu günki gün nesillerimize türkmeni dünýä tanatmakda beýik bir şygar bolar diýen pikirimiz bar. Biz hem ýaşlary Magtymgulynyň ruhunda terbiýeläp, türkmeniň milli binýadynda ýer alan Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanynyň binýadynyň berk bolmagynyň gije — gündiz aladasyny edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Döwran Nurmämmedow
Dilber Hellenowa

Türkmengaz Döwlet konserniniň Mary nebit — gaz orta hünär mekdebiniň mugallymlary