Çerimoýa ýa-da sarymtyl (кремовое) alma, ýaprakly agaç bolup,Günorta Amerikanyň beýik daglyk etraplarynda ösýär.Bu agajyň miwesi miwesiniň daşky gurluşy boýunça 3 topara bölünýär (tekiz, garyşyk we dügür-dügür). Çerimoýa Çerimoýanyň iýilýän bölegi ýakymly ysly, ak, suwly we ter.Dadyp görenler bu miwäniň tagamyny banan bilen marakuýanyň, papaýa bilen ananasyň tagamy goşulandaky ýaly tagam berýär. 1866 ýylda Mark Twen şeýle diýýär-“ Ähli miweleriň içinde iň süýjüsi çerimoýadyr”.
Platoniýa
Platoniýa-bu uly agaç (beýikligi 40 metre ýetýär) Braziliýanyň we Paragwaýyn tropiki tokaýlarynda ösýär.Bu agajyn miweleri apelsiniň ululygynda bolup, gysanyňda ondan sary suwuklyk syzyp akýar.Miwäniň içinde ak eti bolup, ol birnäçe gara çigitleriň daşyny dolaýar we turşumtyk-süýji ýakymly ysly tagamy bolýar.
Aýjeren Dodyýewa
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä diller institutynyň talyby