Her ýylyň 22-nji sentýabrynda pyýada we welosipedli hereketi, şeýle hem jemgyýetçilik ulaglarynda hereket etmegi, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen dünýäde Bütindünýä awtomobilsiz güni bellenilip geçilýär.
Bu günüň baş şygary: «Şäher adamlar üçin, ýaşaýyş üçin meýdançadyr».
Maşynlaryň aşa köp bolmagy diňe bir ägirt uly şäherleriň meselesi däl. Bu mesele uzak wagtdan bäri global häsiýete eýe boldy. Çünki ulag planetamyzyň biosfresyna hem, adamzadyň özüne hem ýaramaz täsir edýär. Hasaplamalara görä, her gün awtoulag heläkçiliginden 3000 adam ýogalýar. Her minutda bolsa, zawoddan täze awtomobil öndürilip çykarylýar. Haýran galdyryjy statistiki!
Şol bir wagtda hem önümçiligiň depginleri tutuş dünýäde ösýär. Iň mahabatlandyrylýan önümleriň içinde awtomobil ilkinji orunlarda durýar.
Bütindünýä awtomobilsiz güni belläp geçmek däni baryp 1997-nji ýylda Angliýada başlandy. Bir ýyl soňra bolsa, Fransiýada geçirildi. Şol gün bu senäni bary-ýogy 20-ä golaý şäher belläp geçdi. Emma 2001-nji ýylda bu ählumumy herekete resmi ýagdaýda dünýäniň 35 döwletinden müňlerçe şäher goşuldy. Häzirki wagtda takmynan hasaplamalara görä, bu çärä her ýylda dünýäniň 1,5 müň şäherinden 100 million adam gatnaşýar.
Dünýäniň köp sanly döwletleriniň iri şäherleri şol gün awtoulaglaryň hereketini çäklendirýärler. Şäherlerde tramwaýlaryň, trolleýbuslaryň, awtobuslaryň, metrolaryň hereketi işjeňleşdirilýär, şeýle hem welosipedli we pyýada gezelenç wagyz edilýär.
Türkmenistan döwletimizde hem sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, daşky gurşawy goramak boýunça çäreler işjeň durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda «awtoulagsyz gün» çäresi birnäçe gezek bellenilip geçildi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy her ýylyň 3-nji iýunyny — Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy we göreldesi boýunça ýurdumyzda yzygiderli köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirilýär.
22-nji sentýabr — Bütindünýä awtomobilsiz gün
