27-nji sentýabrda, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk
baýramçylygy mynasybetli, Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde
ýerleşýän we dünýäde iň beýik bina bolan Burj-Halife binasynyň ýüzünde türkmen
baýdagynyň şekili janlandyryldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat
edarsynyň saýty habar berýär. Bu waka türkmen halky üçin özboluşly baýramçylyk
sowgady boldy.
Mälim bolşy ýaly, BAE bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýulýan
hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça ösdürilýär. Iki ýurduň döwlet
Baştutanlarynyň ýokary derejede geçirilýän ikitaraplaýyn  duşuşyklarynyň
çäklerinde netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek boýunça degişli çözgütler
kabul edilýär. Şeýlelikde, dost-doganlyk, birek-birege ynanyşmak, özara hormat
goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilýändigini her ädimde
görmek bolýar.
Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň şekiliniň bu binanyň ýüzünde
janlandyrylmagy Birleşen Arap Emirliklerinde biziň ýurdumyza we Hormatly
Prezidentimize bildirilýän belent sarpanyň ýene bir subutnamasyna öwrüldi. Bu
waka BAE-de Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerini ykrar edýän we
ýurdumyzyň milli Garaşsyzlyk toýuny mübärekleýän waka hökmünde taryha girdi.